GENEL

Dakar rallisi tamamlandy: Karlos Saýns üçünji gezek ýeňiji boldy

Saud Arabystanyda geçirilen dün­ýä­niň iň kyn­çy­lyk­ly bäs­le­şik­le­ri­niň bi­ri bo­lan Da­kar ral­li­si ta­mam­lan­dy. Ýe­ňil aw­tou­lag sü­rü­ji­le­ri­niň ara­syn­da “MINI” to­pa­ryn­dan is­pa­ni­ýa­ly Kar­los Saýns ýe­ňi­ji bol­dy. 57 ýaşly sport ussady bolan Saýns bu ugurda özüniň esasy bäsdeşi Kataryň raýaty Nasser Al-Attiýadan öňe saýlandy. Şeýle hem ol meşhur fransuz türgeni Stefan Petrenseli hem yzda galdyrdy.

Motosikl sürüjileriniň arasynda birinjiligi ilkinji gezek Rikki Brabek gazandy. 12 tapgyryň ahyrynda “Honda” toparynyň adyndan çykyş eden amerikaly Rikki Brabek 40 sagat 2 minut 36 sekunt görkezijä eýe boldy. Bu ugurda ikinji orny Pablo Kintanilýa eýeledi.

Ýük ulaglarynyň arasynda birinjiligi Andreý Karginowyň ýolbaşçylygyndaky Russiýanyň “Kamaz-master” topary eýeledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Eğitim Bakanı ile UNESCO Genel Direktörü Paris’te görüştü

Türkmenistan, “Green EXPO 2027 Yokohama” uluslararası fuarına katılmayı planlıyor.

Özbekistan-Türkmenistan: tarım işbirliği görüşüldü

Türkmenistan ile İran Dışişleri Bakanları telefonda görüştü

Aşkabat ile Taşkent arasındaki işbirliğini güçlendiriyor

Christopher Wizda:  Dilleri ve Kültürleri Birbirine Bağlamak: Makul Sözlük