GENEL

“CES 2020” tehnologiýa sergisinden garaşylýan innowasiýalar

1967-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän “Consumer Electronics Show” (“CES 2020”) halkara tehnologiýa sergisine ýene-de sanlyja gün galdy. Şu ýylyň 7-10-njy ýanwary aralygynda ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde geçiriljek “CES 2020” sergisine tehnologiýa dünýäsiniň muşdaklary uly sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Bu sergide tehnologiýa dünýäsiniň öňdebaryjy kompaniýalary täze harytlaryny görkezerler. Bu ýerde gündelik durmuşda ulanylýan tehnologik enjamlardan başlap, tä ulag ulgamyna çenli uzap gidýän harytlar köpçülige hödürlener.  

Şu ýyl “Micro LED” esasynda işlenip düzülen 8K  telewizorlar köpleriň ünsüni çekse gerek. “Samsung”, “Sony” we “LG” ýaly kompaniýalar bu tehnologiýany ornaşdyryp başladylar. “Hyundai” we “Toyota” ýaly kompaniýalar ulag serişdelerini awtonom dolandyrmak ulgamyny tanyşdyrarlar. Şeýle hem elektrik togy bilen işleýän skuterler we sekýtbordlar görkeziler. Şeýle hem sergide “akylly öý” üçin zerur bolan käbir täze enjamlar hödürlener.   

Tehnologiýa pudagy giň gerimli özgertmeler eýýamyny başdan geçirýär. Soňky ýyllarda kabelsiz elektron enjamlarynyň önümçiligine giň gerim berildi. Ýakyn ýyllarda öýlerde ulanylýan tehnologiýa enjamlary düýpgöter özgerer.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Dışişleri Bakanı, İran’ın Aşkabat Büyükelçiliğindeki taziye defterini imzaladı

Türkmen-İran sınırındaki gümrük kapılarının işleyişi normal seyrinde devam ediyor

Türkmenistan ile Tacikistan tekstil sanayisi alanında işbirliğini güçlendiriyor

Türkmenistan “Galkınış” ulusal atlı oyunları grubu Bakü’de sahne aldı

Türkmenistan ve Azerbaycan atçılık alanında işbirliği kararı aldı

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Dışişleri Bakanlığı: 16 ülkeden 200’den fazla vatandaş İran’dan giriş yaptı