GENEL

Bütindünýä küşt güni döredildi

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Bütindünýä küşt güni döredildi. Bu akyl paýhas oýunynyň gününiň döredilmeginiň başlangyjy bilen birnäçe döwletler, şol sanda Türkmenistan, Özbegistan, Täjigistan, Russiýa, Gyrgyz Respublikasy, Gazagystan, Ermenistan we Belarus çykyş etdi. Şol başlangyç esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 20-nji iýul – Bütindünýä küşt güni diýlip yglan edildi. Bu barada BMG-niň resmi internet sahypasynda bellenip geçilýär.

Küşt – gadymy intellektual we medeni oýun bolup, öz içinde ylmy düşünjäni we sungaty alýar. Şonuň üçin BMG-niň Baş Assambleýasynyň agzalary täze Bütindünýä gününi belläp geçmegi teklip etdiler.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamasynyň awtordaşlary bolup çykyş eden ýurtlar küştüň tutuş dünýäde söýlüp oýnalýandygyny bellediler. Onuň adalatlylygy, integrasiýany we birek-birege hormat goýmagy höweslendirýändigini, özara düşünişmek hem-de çydamlylyk ýaly gurşawy döredýändigi mälim edildi.

Küşt oýny 32 sany gara we 32 sany ak, jemi 64 öýjükden ybarat bolan tagtanyň üstünde oýnalýan oýundyr. Küştüň dürli görnüşleri dört müň ýyldan bäri oýnalyp gelse-de, häzirki döwüriň küşt oýny takmynan XV asyrda döredildi.  Aslynda bu oýun III asyrda Hindistanda döredilen “Şatranj” hindi oýunundan gözbaş alýar.  Häzirki döwürde ulanylýan ak we gara öýjüklerden ybarat bolan küşt tagtasynyň ilkinjisi 1090-njy ýylda Ýewropada ýasaldy.

Ýene-de okaň

Rusya’nın Aeroflot’u ile Belarus’un Belavia’sı, Minsk üzerinden Türkmenistan’a tek bilet uygulamasını başlattı

Türkmen halkının Millî Lideri İran’ın eski lideri Ali Hamaney için düzenlenen törene katıldı

Türkmenistan Cumhurbaşkanı Donald Trump’ı Bağımsızlık günü ile tebrik etti

Grace Wang Türkmenistan’daki BM Mukim Koordinatörü olarak atandı

Azerbaycan ile Türkmenistan: değişen bölgesel gündemde stratejik ortaklık

Türkmenistan ile Türkiye ilişkilerine eğitim katkısı

Ata Watan Eserleri