GENEL

Braziliýaly ýetginjekler ― dünýä çempiony

Futbol boýunça 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionaty Braziliýanyň ýetginjekler ýygyndysynyň çempionlygy bilen tamamlandy. Meksikanyň ýygyndysy bolsa dünýä birinjiliginde kümüş medala mynasyp boldy.

Güýçli garşydaşlarynyň birnäçesinden üstün çykan bu iki ýygyndy finalda duşuşdy. Meksikalylar 66-njy minutda Gonsalesiň geçiren dürs pökgüsi bilen öňe saýlanan hem bolsalar, olar bu artykmaçlygy duşuşygyň ahyryna çenli saklap bilmediler. 83-nji minutda Kaýonyň 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren pökgüsi bilen hasaby deňlän Braziliýa goşmaça wagtyň 3-nji minudynda öňe saýlandy. Ýeňiş goluny Markez geçirdi.

Şeýlelikde, Braziliýa 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky jahan birinjiliginde dördünji gezek hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy. Ýurduň ýetginjekler ýygyndysy mundan ozal 1997, 1999, 2003 we 2019-njy ýyllarda çempion bolupdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Eğitim Bakanı ile UNESCO Genel Direktörü Paris’te görüştü

Türkmenistan, “Green EXPO 2027 Yokohama” uluslararası fuarına katılmayı planlıyor.

Özbekistan-Türkmenistan: tarım işbirliği görüşüldü

Türkmenistan ile İran Dışişleri Bakanları telefonda görüştü

Aşkabat ile Taşkent arasındaki işbirliğini güçlendiriyor

Christopher Wizda:  Dilleri ve Kültürleri Birbirine Bağlamak: Makul Sözlük