DÜNYA

BMW M8 gelýär, ýol beriň!

BMW kompaniýasynyň garaşylýan täze ulagynyň M8-iň ilkinji suratlary ýakynda internetde peýda boldy. Hawa, suratda hem synlaýşyňyz ýaly, M8-iň esasy bölegi ýapynjanyň aşagynda. Ýöne häzirlikçe, şu-da ýetik! Internet maglumatlarynda suratlaryň Günorta Afrikada düşürilendigi çaklanylýar.

BMW M850i-den tapawutlylykda täze kysym agressiw görnüşdedir: aşaky bamperde howa çalşyjy ulgam (hereketlendirijiniň sowamagy we gyzmagy üçin), arka tarapdan bolsa dört sany gaz çykaryjy ulgam bar.

M8-iň «Competition» nusgasy 625 at güýjüne deň bolar. Onda awtomatik hyzmatlaryň hem sany köpeler. Ozalky nusgalardan 2 kilogram ýeňil boljak awtoulagy güýçli tizlikde gelýärkä saklamak has ýeňil we howpsuz bolar.

Related posts

Türkmenistan’dan Ermenistan’ın yeni cumhurbaşkanına tebrik

vepa

Türkmen Lider, Kırgizistan Cumhurbaşkanı’nı tebrik etti

Erdoğan Devlet Başkanı Serdar Berdimuhamedov’u Nevruz Bayramı ile tebrik etti