GENEL

BMG: “Dünýäniň ilaty 7,7 milliard adama ýetdi”

Dünýäniň ilaty 2019-njy ýylda 7,7 milliard adama ýetdi, 2050-nji ýylda bolsa 9,7 milliarda ýeter. Bular barada BMG-niň Nýu-Ýorkdaky Baş assambleýasynda geçirilen 52-nji sessiýada aýdyldy. Şeýle hem asyryň ahyrynda dünýäniň ilatynyň 11 millard adama ýetip biljekdigi nygtaldy.

 BMG-niň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Amina Muhammadyň aýtmagyna görä, soňky 25 ýylda dünýä ilatynyň umumy ýaşaýyş derejesi ep-esli ýokarlandy, eneleriň ölümi bolsa ozalkysyndan 40 göterim azaldy, ynsan ömrüniň dowamlylygy artdy.

“1994 ― 2019-njy ýyllar aralygynda 5 ýaşa ýetmedik çagalaryň heläkçiligi 54 göterim azaldy. Dünýä boýunça ortaça ynsan ömri”  1994-nji ýylda 64,9 ýaş bolan bolsa, 2019-njy ýylda 72,3 ýaşa çenli ýetdi. 2030-njy ýyla çenli bolsa ortaça ömür 74 ýaşa çenli uzar. Köp keselleriň, ençeme döwletlerdäki ýeter-ýetmezçiligiň öňi alyndy” diýlip, BMG-niň hasabatynda aýdylýar.

Hasabatda çaga dogluşynyň kem-kemden azalýandygyna hem üns çekildi. Häzir her enä, ortaça, 2,5 perzentden düşýän bolsa, 2030-njy ýylda 2,4 perzentden düşer.

Häzir Ýewropada 65 ýaşdan uly raýatlar ýurtdaky umumy ilat sanynyň 19 göterimini, Demirgazyk Amerikada bolsa 16 göterimini emele getirýär. 2050-nji ýylda bu göterimler, degişlilikde, 28-e we 23-e çykar.

Häzir dünýäniň ilatynyň 56 göterimi şäherlerde ýaşaýar. Geljekde şäherlileriň sany has hem artar. 2030-njy ýylda biziň 60, 2050-nji ýylda bolsa 68 göterimimiz “şäherli” bolarys.

Ýene-de okaň

Türkmenistan ile İran Dışişleri Bakanı telefonda görüştü

Türkmenistan Büyükelçisi, TOBB Başkanı ile bir araya geldi

Türkmenistan heyeti Bakü’de düzenlenecek 13. Dünya Şehirler Forumu’na katılacak

Türkmenistan, Ahalteke Atlarını Taşkent’teki Dünya Şampiyonası’nda tanıtacak

Türkmen Atları Windsor Kraliyet At Oyunları’na katılacak

Türkmen halkının Milli Lideri “Rusya – İslam Dünyası: KazanForum” forumuna katılacak