DÜNYA

Bir trillion agaç ekiler

Şu ýylyň 21-24-nji ýanwary aralygynda Şweýsariýanyň Dawos şäherinde Bütindünýä ykdysadyýet forumy geçirildi. Şol forumyň gün tertibiniň esasy mowzuklarynyň biri howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boldy. Şoňa laýyklykda, Bütindünýä ykdysadyýet forumyň esaslandyryjys Klaus Şwab howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin “Bir trillion agaç” başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu başlangyç esasynda 2030-njy ýyla çenli tutuş dünýäde 1 trillion agaç ekmek meýilleşdirildi. Onuň pikirne görä, ekoulgamy goramak öňümizdäki 10 ýyllykda esasy wezipe bolup durýar. Munuň esasy maksady howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň öňüni almak bolup durýar. 

Klaus Şwabyň bu başlangyjy dünýäniň köp sanly döwlet we hökümet ýolbaşçylary, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryň Prezidenti Donald Trump hem goldap, bu başlangyja goşandyny goşjakdygyny aýtdy.

Related posts

İran, Türkmenistan’da tarımsal faaliyetlerde bulunmayı planlıyor

vepa

Bakanlar Kurulu: Avaza’daki uluslararası etkinliklere hazırlık

Saud Arabystanynda zenanlar hem harby gulluk edip biler

vepa