DÜNYA

Benzinli, dizelli we gibrid ulaglarynyň satuwy gadagan ediler

Beýik Britaniýanyň hökümeti 2035-nji ýylda ýurduň çäginde benzin we dizel ýangyjy bilen işleýän hem-de gibrid ulaglaryň satuwyny gadagan etmegi meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň Premýer-ministri Boris Jonsonyň kanselýariýasynyň ýaýradan beýanatynda bellenip geçilýär.

– Beýik Britaniýada howa goýberilýän hapa gazlaryň möçberini azaltmak üçin benzin we dizel ýangyjy bilen işleýän ulaglaryň satuwyny gadagan etmek göz öňünde tutulýar.  Mundan ozal, 2040-njy ýylda gadaganlyk girizmek meýilleşdirilipdi.  Häzir bu maksady 2035-nji ýylda amala aşyrmak göz öňünde tutuldy. Täze maksatnamada gibrid ulaglary hem goşuldy – diýlip, beýanatda bellenilip geçilýär.

Şeýle maksatnama bilen Beýik Britaniýanyň hökümeti ekologiýany goramak üçin iň berk kanuny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär. Şonuň netijesinde, 2050-nji ýylda hapa gazlaryň möçberini iň pes derejä ýetiriler. Şeýle kanunçylyk namasy geçen ýylyň iýunynda milli parlamentiň gün tertibine girizilipdi.

Related posts

«Samsung» wertikal telewizor öndürdi. Näme üçin?

vepa

Türkmen-wenger işewürler maslahaty geçirildi

vepa

Türkmenistan’ın Dünya Ticaret Örgütü’ne gözlemci statüsü kazandırılması