GENEL

Benziniň bahasy nirede has gymmat?

Ýakynda ýurdumyzyň internet neşirlerinde Türkmenistanyň benziniň dünýäde iň arzan döwletleriniň hataryna girýändigi habar berlipdi. Bu guwandyryjy ýagdaý. Eýsem, bir litr benzin üçin iň köp mukdarda pul tölenmeli bolýan döwletler haýsyka? Her niçik hem bolsa, bu maglumaty bilmek hem gyzykly.

Globalpetrolprices saýtynyň berýän maglumatlaryna görä, dünýä boýunça alnanda, benziniň ortaça bahasy 1,09 dollara barabar. Onuň gymmat döwleti bolsa Zimbabwedir (Afrika). Bu döwletde bir litr benzin almak üçin 3,31 dollar tölemeli. Ine, benziniň iň gymmat 10 döwletiniň sanawy:

1. Zimbabwe ― 3,31 dollar

2. Gonkong ― 2,06 dollar

3. Monako ― 1,98 dollar

4. Wallis we Futuna adalary ― 1,80 dollar

5. Norwegiýa ― 1,85 dollar

6. Barbados ― 1,80 dollar

7. Gollandiýa ― 1,76 dollar

8. Islandiýa ― 1,76 dollar

9. Zambiýa ― 1,71 dollar

10. Daniýa ― 1,7 dollar.

Related posts

Çeferin ýene-de UEFA-nyň prezidenti

vepa

Balkan eyalet valiliğine ve belediyeye atama

vepa

Türkmenistan’dan “Tacikistan” açıklaması

vepa