GENEL

“Barselona” täze tälimçi belledi

Ispaniýanyň milli çempionatynda (La Liga) çykyş edýän we dünýäniň iň güýçli futbol toparlarynyň biri hasaplanýan «Barselona» topary täze tälimçi belledi. Toparyň ozalky tälimçisi Ernesto Walwerde işini tabşyrdy. Onuň ýerine “Betis” toparynyň ozalky tälimçisi Kike Setýen bellendi.

“Barselona” topary 2003-nji ýyldan soň, ilkinji gezek futbol möwsüminiň dowam edýän döwründe tälimçisini çalyşdy. 2003-nji ýylda “Barselona” topary milli çempionatda birinji barýan topardan 20 bal yzda galandygy üçin toparyň tälimçisi Lui wan Gal işinden boşadylypdy. Şol ýyl “Barselona” çempionatda 6-njy orny eýeläpdi.

Häzirki wagtda “Barselona” La-Ligada birinji orunda barýar. Esasy bäsdeşi “Real Madrid” topary bilen ballary deň, ýöne beýleki görkezijiler boýunça öňdeligi eýeleýär.

“Barselona”-nyň täze tälimçisi Kike Setýen plýaŽ futboly bilen sport durmuşyna gadam basdy. Onuň futbol oýnan ilkinji uly topary “Rasing” toparydyr. Ol bu ýerde merkezi ýarymgoragçy hökmünde adygypdy. Ispaniýanyň milli ýygyndysynda 3 duşuşykda oýnady. “Atletiko” topary bilen Ispaniýanyň Superkubogyny eýeledi.

61 ýaşly sport ussady 20 ýyl tälimçilik etdi. “Barselona” toparynyň ady rowaýata öwrülen futbolçysy we tälimçi Ýohan Kroýffy özüniň mugallymy hasaplaýar. Küşt oýnuny hem halaýar. Dünýäniň küşt çempiony Anatoliý Karpow bilen hem küşt oýnapdy.

Geçen ýyl “Sewilýa” toparyna tälim beripdi. Ol “Kamp Nou” stadionynda “Barselona”-ny  ýeňen soňky tälimçidir. Bu 2018-nji ýylyň noýabrynda bolupdy. Şonda “Betis” topary “Barselona”-ny  4:3 hasabynda utupdy.

Kike Setýen “Barselona” topary bilen 2022-nji ýylyň iýun aýyna çenli şertnama baglaşdy. Tälimçi hökmünde ilkinji duşuşygy dynç güni bolar. Şonda “Barselona” topary “Granada” bilen duşuşar.

Häzirki wagtda “Barselona” topary 2018-2019-njy futbol möwsüminde iň köp girdeji gazanan topar boldy. “Deliotte” halkara maslahat beriş kompaniýasynyň seljermesine görä, “Barselona” 840 million ýewro girdeji gazanyp, ilkinji gezek bu sanawda birinjiligi eýeledi.

Ýene-de okaň

Uganda, Türkmenistanlı turistleri ağırlamaya hazır

Türkmenistanlı tasarımcılar AB pazarına açılma fırsatlarını inceliyor

BM, Orta Asya’yı dünyanın en umut verici turizm bölgelerinden biri olarak nitelendirdi

Aşkabat’taki Türk Kültür Merkezi’nde Türkiye Turizm Haftası açıldı

Türkmenistan Turkmentravel 2026 Fuarı’na ev sahipliği yaptı

Nadir Alparslan: Türkiye ve Türkmenistan İpek Yolu’nu yeniden canlandırıyor