GENEL

Bagyşlaşaly

Gahar bize myhman wagty,

Nä dürs pikir sazlaşyp ýör.

Gursakdan kowulan mähir,

Bizi gözläp azaşyp ýör.

 

Ajasada bokurdagmyz,

Agza kemput atmaýas biz.

Dogry saýýas özümizi,

Men-menlikden ötmeýäs biz.

 

Aglan bolýas özümizçe,

Kemsinmesiz zada gyýlyp.

Dogry däl ahyry gezmek,

Nadyl pikirlere güýlüp.

 

Bir söz bilen ýaz geljekkä,

Biz neçün saklaýas gyşy?

Gadyr gaçan gatnaşygy,

Kesermiş söýgiñ gargyşy.

 

Duýgulam niýet edinip,

Yşgyñdan alýarka synja…

Degseñ göwnümiñ göwnüne,

Ýüregmiñ ýüregi ynjar.

 

Ynjalmaz seniñ seriñem

Unudulmaz “hoşlaşaly”.

Şoñ üçin mydam ezizim

Hoşlaşman bagyşlaşaly.

 

Laçyn Öwezowa

 

Related posts

DABS, Türkmenistan ve Çalık Holding arasında üçlü görüşme gerçekleştirildi

ADIPEC 2023 uluslararası enerji fuarında Türkmenistan enerji sektörüne büyük ilgi

Injir hakda kelam agyz