DÜNYA

BAE-niň feýerwergi Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň käbir ýerlerinde Täze ýyl gijesi asmana atylan feýerwerkler özboluşly rekordlaryň eýesi boldy. Ras-el-Haým şäheriniň depesinde 13 minut dowam eden feýerwerk dürli yşyklar bilen ýagtylandyrdy. Baýramçylyk feýerwergini 3,8 kilometre uzalyp gitdi. Bu ugurda täze rekord goýuldy. Mundan ozalky rekord Ýaponiýa degişli bolup, olar feýerwergi 3,5 kilometre çenli ýaýylypdy.

BAE-niň Täze ýyl gijesindäki ýene-de bir rekordy özboluşlylygy bilen tapawutlandy we Ginnesiň rekordlar kitabyna giriziler. Bu ýerde uçarmansyz enjamlar (dronlar) bilen köpçülikleýin feýerwerk guraldy. Munuň üçin 173 dron ulanyldy we olar bilen atylan feýerwerkler asmany bezedi.

Related posts

Türkmenistan kabinesinde bakan atamaları

Ministrler Kabinetiniň mejlisi: Günebakar Ýagy Öndüriler

vepa

Meeting of the Council of the Heads of Governments of the CIS

vepa