GENEL

Awazada halkara maslahat geçiriler

Türkmenistanyň Prezidentiniň Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alýan parahatçylyk söýüji daşary syýasatyna laýyklykda, halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek we ulag ulgamyndaky köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ulaglar we aragatnaşyk toplumyna degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine 2018-nji ýylyň 28-nji noýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Halkara ulag maslahatyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek tabşyryldy. Degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna bu maslahata taýýarlyk görmekde hem-de ony ýokary derejede we guramaçylykly geçirmekde Türkmenistanyň ulaglar we aragatnaşyk toplumyna degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine ýardam etmek tabşyryldy. Atawatan Türkmenistan halkara Žurnalynyň baş redaktory hem halkara derejeli maslahata çagyryldy.

Ýene-de okaň

Çin, Türkmenistan’a 300 Megavatlık Güneş enerjisi santrali projesi sunuyor

Türkmenistan, Çin’den 439 milyon dolarlık petrolgaz ekipmanı tedarik ediyor

Azerbaycan ile Türkmenistan arasında ulaştırma ve telekomünikasyon işbirliği görüşüldü

Seyşeller Cumhuriyeti Dışişleri Bakanı’nın Türkmenistan’a ilk resmi ziyareti

Büyükelçi: Azerbaycan ile Türkmenistan stratejik ortaklığı güçlendiriyor

Türkmen Atasözleri Barnes & Noble Platformunda Yayımlandı