DÜNYA

Ýaşap boljak planeta tapyldy

NASA-nyň TESS (Transit Exoplanet Survey Satellite) atly emeli hemrasy älem giňişliginde «TOI 700 d» diýlip atlandyrylýan täze planeta gabat geldi. Bu barada «Mirror» neşiriniň habarynda aýdylýar.

Aslynda, TESS-iň älem giňişligine goýberilmeginiň maksady hem täze planetalary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Gelip gowşan habarlara görä, «TOI 700 d» Ýer bilen meňzeş şertlerdäki planetadyr.

Ol Ýerden 100 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär. Özi hem «M» diýlip atlandyrylýan ýyldyz yň orbitasy boýunça hereket edýär. Ýeri gelende aýtsak, «M» agramy we ululygy boýunça Günden 40 esse ýokarydyr.

Gelip gowşan ilkinji maglumatlara görä, «TOI 700 d» ýaşaýyş mümkindir. Ol henize çenli mälim bolan planetalaryň arasynda şeýle şertlere eýe bolan ilkinji planetadyr. Onuň göwrümi Ýerden, takmynan, 20 esse uly.

Related posts

Benzinli, dizelli we gibrid ulaglarynyň satuwy gadagan ediler

vepa

Signed a number of documents aimed at the perfection of the energy sphere of the country

vepa

Türkiye’de Türkmenistan konulu video konferans toplantısı

Dr.Döwran Orazgylyjov