GENEL

Ýaş ruslaryň arasynda iň meşhury

Forbes Žurnalynyň ýazmagyna görä, dagystanly MMA türgeni Habib Nurmagomedow Russiýanyň 40 ýaşdan kiçi raýatlarynyň arasynda iň meşhur adamdyr. Şeýlelikde, ol neşiriň dünýä boýunça düzen sanawyna hem girizildi.

Şahsy baýlygy 11,5 million dollara ýetýän Habib Nurmagomedow barada soňky bir ýylyň dowamynda dünýä metbugatynda 75 müňden gowrak habardyr dürli makalalar ýazylypdyr. Russiýanyň raýatlarynyň arasynda ikinji orny pop-aýdymçy we telealypbaryjy Olga Buzowa eýeledi. Soňky bir ýylda 4,4 million dollar gazanan Buzowa hakynda dürli neşirler 73 müňden gowrak habar taýýarlapdyrlar.

Üçünji orny bolsa hokkeý ýyldyzy Aleksandr Oweçkin eýeledi. Şahsy baýlygy 14,5 million dollara ýetýän türgen barada soňky bir ýylda 59 müň habar ýazylypdyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Eğitim Bakanı ile UNESCO Genel Direktörü Paris’te görüştü

Türkmenistan, “Green EXPO 2027 Yokohama” uluslararası fuarına katılmayı planlıyor.

Özbekistan-Türkmenistan: tarım işbirliği görüşüldü

Türkmenistan ile İran Dışişleri Bakanları telefonda görüştü

Aşkabat ile Taşkent arasındaki işbirliğini güçlendiriyor

Christopher Wizda:  Dilleri ve Kültürleri Birbirine Bağlamak: Makul Sözlük