DÜNYA

Arheologlar ýitip giden şäheri tapdylar

Efiopiýada gadymy döwürlerde Rim bilen bäsleşen Aksum şalygynyň iri söwda merkezi hasaplanýan Beta Samati şäheri tapyldy. Bu barada “International Business Times” neşiri habar berýär.

Medeniýetiň bu gadymy ojagy hasaplanan bu şäher biziň eýýamymyzda II-XI asyrlarda häzirki Sudanyň, Eritreýanyň, Ýemeniň we Saud Arabystanynyň meýdany eýeläpdir.

Esasan hem, irki döwürlerde Hindistan we Rim imperiýasynyň arasynda amala aşyrylan söwdada bu şalyga uly orun degişli bolupdyr.

Aksum şalygy Sahara çölünden günorta uzalyp gidip, şaýy zikgelän we hristian dinini kabul eden ilkinji döwletdir.

– Bu iň gadymy medeni ojaklaryň biridir. Ýöne bu barada adamlar (Günbatarda) köp zat bilmeýärler – diýip, ABŞ-nyň Jon Hopkins adyndaky uniwersitetiniň arhelogy Maýkl Harrouer belläp geçýär.

Beta Samati köp ilatly we çylşyrymly ýolly söwda şäheri bolýar.

Bu ýerde alymlar IV asyra degişli daşdan ýasalan diwarlary, birnäçe binalaryň böleklerini, Aksum şalygynyň şaýlaryny, gadymy ýazuwlary, ýüzi tagmalanan altyn ýüzükler tapýarlar.

Ondan başga-da, şäherden öküziň şekilleri tapylýar. Bu bolsa köphudaýlylygyň we hristian dininden öňki däp-dessurlaryň bolandygyny aňladýar.

XI asyrda Nil derýasynyň ugruny üýtgetmegi we howanyň üýtgemegi topragy hasylsyzlyga getirip, Aksum şalygynyň söwdadan çetleşmegine getirýär. Şeýle hadysalar döwletiň synmagyna sebäp bolýar. Arheologlar bu barada täze tapyndylaryň üsti bilen köp zatlaryň üstüni açmak isleýärler.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan’ın EXPO 2025 Pavilyonu: Kültür ile Teknolojinin Buluşma Noktası

Türkmenistan’ın EXPO 2025’teki Milli Günü Görkemli Şekilde Kutlandı.

İran Büyükelçisi: İran, Türkmenistan’ın Uluslararası Barış Girişimlerini Destekliyor

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’da 18 yaş altı kişilerin pamuk işinde çalışmasına yönelik hukuki kısıtlama güçlendirildi

Ata Watan Eserleri

Orta Asya ve AB ülkeleri dışişleri bakan yardımcılarının toplantısı yapıldı

Büyükelçi Demirok: Türkmenistan gazı 1 Mart’tan itibaren Türkiye’ye gelecek

Ata Watan Eserleri