GENEL

Ýaponiýaly erkek ministr çaga seretmek üçin rugsada çykýar

Ýaponiýanyň daşky gurşawy goramak ministri – Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Koidzumi Dzýunitironyň ogly Koidzumi Sindziro ýanwar aýyndan dünýä injek ilkinji çagasyna seretmek üçin ýyllyk rugsadynyň bir bölegini almagy meýilleşdirýär. Bu barada Ýaponiýanyň “Kiodo” habarlar gullugy habar berýär. Ministriň erkek adamlaryň aýallary çaga dünýä indirenden soňra ilkinji günlerinde olaryň ýanynda bolmagy we olara kömek etmegiň gowudygyny öňe sürmek üçin şeýle başlangyjy öňe sürendigi mälim edilýär.

– Men Daşky guwşary goramak ministrliginiň işgärleriniň çekinmezden çaga seretmek üçin rugsat almagynyň tarapdarydyryn – diýip, ministr belledi.

Ministr Koidzumi çagasy dünýä inenden soňra 2 hepdeligine rugsada çykar. Ol öz işine päsgelçilik döretmezden, uzakdan işlerini gözegçilik etmek maksady bilen bu rugsadyny ulanmagy meýilleşdirýär.

Ýaponiýanyň kanunçylygynda çaga seretmek üçin ene-atanyň ikisine hem rugsada gitmäge mümkinçilik döredilendir. Ýöne erkekleriň örän az göterimi bu mümkinçilikden peýdalanýarlar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan ile Çin Dışişleri Bakanı New York’ta görüştü

ABD Müsteşarı Sarah Rogers Türkmenistan’ı ziyaret edecek

Türkmenistan Dışişleri Bakanı, BM Genel Sekreteri ile görüştü

Türkmenistan ile Azerbaycan Dışişleri Bakanları New York’ta görüştü

Türkmenistan’ın milli atlı oyunlar grubu Galkynyş, Etnospor’a damga vurdu

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Cumhurbaşkanı: Azerbaycan ile işbirliğini daha da geliştirmeye hazırız