Daşary ýurtlara syýahat etmezden ozal, şol ýurt barada internetden dürli maglumat ýygnalýar. Şol ýurtda haýsy şähere gitmeli, giden şäherinde/ şäherleriňde nireleri görmeli ýaly soraglara jogap tapmak, şeýle hem wagtyň tygşytly ullanyp has köp ýerleri görmek üçin maglumat ýygnamak peýdaly bolýar. Özümä maglumat ýygnan wagtym, öň şol ýerleri gören, gezelenç ýazgylaryny ýazan syýahatçylaryň belliklerini goşmaça maglumat üçin ullanýaryn.
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bu gezekki etjek syýahatymda şeýle maglumatlardan täzeden peýdalandym, köpsi türk we iňlis dilinde birnäçe “syýahat belliklerini” okadym!. Şu syýahaty dostym Myrat ( dostumyň özünden bu barada rugsat soramanlygym üçin, dostumyň doly adyny we familýasyny bu ýerde ýazamok) bilen bilelikde meýilleşdirdik we ol hem syýahatymyzyň has gowy geçmegi üçin dürli maglumatlary ýygnady we şu syýahatyň belli bir bölegini bilelikde amala aşyrýarys!
Bu gezekki syýahatym ABŞ-nyň Kaliforniýa ştaty, birnäçe ýyl mundan ozal şol ýerleri görmek nesip eden hem bolsa, täzeden “taýýarlanmak” peýdaly! Şonda şeýle “syýahat bellikleriniň” ene dilimizde-türkmen dilinde ýazylanlaryny kän görmedim. Belki bardyr, emma, şonda-da Kaliforniýa syýahat etmek isleýänlere goşmaça maglumat hökmünde käbir belliklerimi paýlaşmak isleýärin!
Ilki bilen bu bir ilkinji başlangyjym, şol sebäpli gramatik taýdan, diliň ullanyş aýratynlyklary we dogrylygy taýdan, şeýle hem maglumatlaryň ýüzleý bolmagy ýaly dürli “bärden gaýtmalar” bolup biler. Şol sebäpli hormatly okyjylardan ötünç dilemek bilen, syýahat ýazgylaryma başlaýaryn. Bu meniň başdan geçirmelerim, “Döwranyň başdan geçirmeleri” kinoda bar bolsa, internetde hem näme üçin bolmasyn!
Amerika gitmek üçin ilki bilen wiza almak gerek. Wiza üçin internetiň üsti bilen degişli saýta maglumatlary girizýärsiň we şol saýtyň üsti bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Aşgabat şäherindäki Ilçihanasynda “wiza söhbetdeşligi üçin” wagt alýarsyň! Bu amallaryň ählisini internetiň üsti bilen etmek mümkin. Şu ýerde, biz Türkmenistanda ýaşaýanlygymyz üçin söhbetdeşlik merkezi üçin“Aşgabat” şäherini saýladyk! Türkmenistanyň raýatlarynyň beýleki ýurtlarda wiza söhbetdeşligine girip bilýärmi ýa-da ýok bu barada men doly maglumata eýe däl! Şol sebäpli biz bu ýerde öz tejribämiz paýlaşýanlygymyz üçin, şeýle hem, belliklerimiz “maslahat beriş çäklerinde” bolmanlygy üçin meniň Aşgabat şäherinde wiza söhbetdeşligine girenligimiz aýtmagym, şeýle söhbetdeşlige diňe Aşgabat şäherinde girip bolýar netijesini çykarmazlygyňyzy haýyş edýäris. Şeýle ýagdaý geljekki “tejribelerimizde” hem öz güýjini saklaýar! Mysal üçin biz B1 /B2 wizasyna ýüz tutdyk we 3 aýlyk bu wiza üçin Ilçihanada söhbetdeşlikden öň 160 ABŞ dollary möçberinde tölegi geçridik! ABŞ-a gitmek üçin dürli wiza görnüşleri bar. Talyp wizasy hem şolaryň biri. Söhbetdeşlik Rus ýa-da Iňlis dilinde geçirilýär. Söhbetdeşlikde, Amerika gitmek islemegiň maksady, şol ýerde galjak ýeriň we beýleki soraglary soraýarlar. Bellemeli zat, wiza ýüz tutan wagtyň beren maglumatlaryň, şeýle hem, wiza söhbetdeşliginde berýän maglumatlaryň ählisiniň dogry bolmagyny gazanmak hökmany şert!
Wiza bermek barada netije berilen ýagdaýynda, ortaça bir gün soňra, wizanyň taýýar boljakdygy, Ilçihana täzeden gelip wiza almak gerekdigini habar berilýär!
Wizany alaňdan soňra uçar peteginiň-biletiň ugruna çykmaly! Bizä ir alanyňda berilýän degişli arzanladyş mümkinçilikerinden peýdalanmak üçin Amerika gidip gelmek baradaky uçar biletini has ir-ortaça gitmegimizden 3 aý öň aldyk! Biz Amerika syýahatymyzy Türk Howa Ýollary (THÝ) uçarlary bilen amala aşyrdyk! ABŞ-a gitmek üçin başgaça howa ýollary barada “geljekki syýahatçymyzyň” özi gözleg etse peýdaly bolar!
Uçarymyz Paýtagtymyzyň howa menzilinden Stambulyň täze howa menziline tarap ýola çykýar! Ortaça 3 sagatdan gowrak wagt soňra Stambula barýarsyň. Stambulyň howa menzilinde ortaça 3 sagat garaşanymyzdan soňra Los Anjeles howa menzile tarap uçarymyz uçup başlaýar.
Howada täzeden 12.5 sagatlyk uçuş başlaýar! Kitap okamak, gazet okamak, ýa-da THÝ uçarlaryndaky kinolar, oýunlar, aýdym-sazlar, Sizi güýmemäne zat köp! Wagtal-wagtal gelip durýan çaý-naharlar hem wagtyň geçmegine kömek edýär. Bellemeli zat, 30.000 feet ýokarda internetde hem “wagt geçirip” bolýar. THÝ şeýle mümkinçiligi berýär. Menä iň kiçi oglum Ýunus bilen wideo görnüşinde birnäçe gezek hem gepleşip wagtymy geçirdim!
Uçarymyz Los Angeles howa menziline gelip gonýar! Los Angeles barada maglumatlary indiki belliklerimizde paýlaşmak isleýäris. Indiki bellikler bolsa, ilkinji belligim-şu belligim peýdaly bolan bolsa dowam eder!
Howa menzilinde el goşlaryňy alanyňdan soňra, howa menzilinden şäher merkezine gitmek barada alada etmeli. Bulary bolsa, entek uçar biletiň satyn alan wagtyň meýilleşdireniň peýdaly. Nirede galmaly, şol ýere nädip gitmeli we Los Angelesde haýsy ulag serişdelerinden peýalanmaly! Galjak myhmanhanaňy internetiň üstinden bron edip bolýar. Myhmanhany hem ir bron etmek amatly bahalardan peýdalanmak mümkinçiliklerii berýär.
Biz Los Angelesde “kärende ulag” bilen syýahat etmegi makul bildik. Bahalaryň elýeterligi we beýleki amatlyklaryny hasaba alanyňda şeýle ulagy kärende almak peýdaly. Dürli ulag serişdelerini kärende almak mümkin. Kärende üçin Türkmenistanyň Sürijilik şahadatnamasy we biometrik pasport ýeterli! Tölegem tölemeli!
Bu ulag biziň geljekki San Fransisko syýahatymyzda peýda bermeli!. Isler şäher içi, isler şäherler arasynda “gysga wagtlyk öz ulagyňda”, ýagny kärende alynan ulagda syýahat etmek başgaça! Ulagy kärende almak amalyny hem, internetiň üstinden amala aşyryp bolýar. Los Angeles howa menzilinden ulag kärende berýän kompaniýanyň ýörite awtobusy bilen, şol kompaniýanyň merkezine gidip bolýar. Şol ýerde ulag gysga wagtlyk size gowşurylýar. Bellemeli zat, kärende alanyňda, özüňi, ulagy we üçünji taraplary doly ätiýaçlandyrmak mümkinçiliklerini ullanyň, şeýle hem syýahatyňyzda siziň esasy ýol belendiňiz boljak, nowigasýany hem kärende alyň! Ilkinji syýahat belliklerimi tamamlamazdan öň, Amerikada telefon we internet mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak üçin ýerli SIM karty hem satyn alyp bilersiňiz. Şeýle sim kartlar birnäçe ýerlerde satylýar.
Hormatly okyjy, şu belliklerime ýazyp başlan wagtym hem belleýşimiz ýaly, gramatik we diliň ullanyş aýratynlyklary taýdan birnäçe ýalňyşlarymyz bolup biler! Şeýle hem, bu ýerde diňe öz tejribelerim paýlaşylýanlygy sebäpli, ABŞ-a syýahat etmek isleýänleriň ähli soraglaryny jogaplamak maksady bilen bu bellikler taýýarlanylmanygyny ýene bir gezek gaýtalaýaryn. Bu bellikler diňe size goşmaça maglumat bolup biler we isler ABŞ, isler beýleki ýurtlara syýahat etmezden ozal dürli çeşmelerden “syýahat gözlegiňizi” amala aşyryň! Ýazgylar baradaky “pozitiw tankytlaryňyzy” hem bize ýetirmegiňizi haýyş edýärin.
Bu ýazgy 21.06.2019 senesinde gije ýarysy sagat 2:40 da ýazylyp gutaryldy. Aşgabat wagty bilen bolsa, sagat 14 40. Başgaça aýdanymyzda, Aşgabat şäheri bilen Los Angeles arasynda 12 sagat tapawut bar we Los Angeles Aşgabat şäherinden 12 sagat sagat soňra täze güni garşylaýar!
Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi
Aksaray mahallesi Koçibey sokak, Erler Apt No:34 D:7 Kat:4 Fatih/ İstanbul
E: Mail Adres : atavatanltd@gmail.com
Telefon : +90 532 401 71 52 (Türkiye)
IMO Atavatan : +90 532 401 71 52
WhatsApp Atavatan : +90 532 401 71 52
Telefon : +90 212 633 40 00 (Türkiye)
Makul Hyzmat Terjime Merkezi
Aşgabat Ofis
+993 63 78 96 73
Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,
Makul Hyzmat Ofis, 4. Kat, 401
E: Mail Adres : makulhyzmat@gmail.com
Telefon : + 993 12 96 48 55
Türkmenabat Ofis
Türkmenabat şäher, Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy köçesi, 50. Lezzet söwda Merkezi, Gat 3. Gök Bazaryň ýany,
+993 63 16 34 69
Täze ýazgylarymyzy okamak üçin bizi sosial mediadan yzarlan!
Resmi Twitter Hesabımız için
https://twitter.com/AtavatanJournal
Resmi Linkedin Hesabımız için :
https://www.linkedin.com/in/atavatan-turkmenistan-journal-91a056134/
Resmi Facebook Hesabımız için :
https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal/
Resmi Instagram Hesabımız için :
https://www.instagram.com/atavatanturkmenistan/
IMO 00993 65 80 24 70