GENEL

«Altyn asyr» Naýbaşy kuboga mynasyp boldy

Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol topary Türkmenistanyň Naýbaşy kubogynyň eýesi boldy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň tälim berýän topary arzyly Kubok ugrundaky duşuşykda geçen ýyl ýurdumyzyň Kubogyna mynasyp bolan «Köpetdagy» 2:0 hasabynda ýeňdi.

Birinji ýarymynda hasap açylmadyk duşuşygyň ilkinj pökgüsi 57-nji minutda geçirdi. Ony şu möwsüm toparyň düzümine goşulan ýarym goragçy Myrat Annaýew geçirdi. Şondan 7 minut soňra onuň topardaşy Altymyrat Annadurdyýewiň geçiren pökgüsi şu duşuşygyň gutarnykly netijesine öwrüldi.

Şeýlelikde, 11 ýyllyk taryhynda Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyklara 7 gezek gatnaşan «Altyn asyr» bassyr bäşinji gezek bu Kuboga mynasyp boldy. «Altyn asyr» Türkmenistanda bu üstünlige ýetip bilen ýeke-täk topardyr.

Related posts

Türkmen Lideri’nin kitabı Türkçe ’ye tercüme edildi

vepa

Türkmenistan’da ilk defa Hi-TECH Forumu ve Fuarı düzenlenecek

International Labor Conference and 100th Anniversary of the ILO

vepa