GENEL

Afrikada näçe ýolbars bar?

Afrika «Ýolbarslaryň yklymy» diýilýändiginden habaryňyz bardyr. Eýsem, öz yklymynda olaryň sany näçekä? Ýakynda olaryň anyk sany kesgitlendi.

Bu hasapda diňe ýabany şertlerde ýaşaýan ýolbarslaryň göz öňünde tutulýandygyny aýtmak isleýäris. Ýogsam, ynsan gözegçiligindäki ýolbarslary hem goşmaly bolsa, olaryň sany has artyp bilerdi. Umuman, häzir Afrikada ýabany şertlerde 22 müň 509 ýolbars ýaşaýan eken. Bu sany Oksford uniwersitetiniň ýabany tebigaty öwreniş boýunça bölümi kesgitledi.

Bu hasabatda iň uly paý Tanzaniýa degişli. Alymlar bu ýurtda 8 müň 176 ýolbarsyň ýabany şertlerde ýaşaýandygyny anykladylar. Şeýle hem GAR-da 2070, Keniýada 1825, Zambiýada 1095, Mozambikde 1295, Zimbabwede 1709 ýolbars ýaşaýan eken.

Käbir döwletlerde bolsa olaryň sany has seýreklerýär. Mysal üçin, Malawi döwletinde ýabany şertlerde ýaşaýan ýolbarslaryň bary-ýogy bäş sanysy galypdyr. Şeýle hem Angolada 25, Ruandada 22, Nigeriýada bolsa 30 ýolbars bar.

Alymlaryň aýtmagyna görä, Afrika ýolbarslarynyň 40 göteriminiň ýaşaýan ýerleri döwlet tarapyndan goralýar. Olaryň 14 göterimi bolsa gözegçiliksiz şertlerde ýaşaýar diýlip hasap edilýär.

 

Ýene-de okaň

Aşkabat – Avaza güzergahında düzenli otobüs seferleri başlıyor

Türkmenistan “Tayvan’ın bağımsızlığı”nın her türlü biçimine karşı çıkmaktadır

İrfan Ali: Aşkabat’ta yakın zamanda UN-Habitat ofisi açılabilir

WUF13:Türkmenistan ile Azerbaycan ekonomik işbirliğini görüştü

Orazov: Bakü’deki WUF13 zirvesinde Arkadağ şehrini tanıttı

Türkmenistan, Hazar’ın tabanından geçecek enerji kablosu projesine katılım olasılığını inceliyor