GENEL

Abu-Dabidäki “Watan Köşgi”

Birleşen Arap Emirlikleriniň iň uly we belli medeni merkezleriniň biri hem Abu-Dabi şäherinde ýerleşýän “Watan” köşgi bolup, ol iňlis diline “Palace of the Nations” diýlip atlandyrylýar. Bu köşk jemgyýet köpçüligi we syýahatçylar üçin açykdyr. 

Köşgüň iki ganaty bolup, olar Gündogar we Günbatar ganatyndan ybaratdyr. Köşgüň gurluşygynda esasan üç reňk ulanylýar, ýagny gök, sary, ak reňkler. Her bir reňkiň hem öz manysy bar. Gök reňk arap ýarym aýlagynyň suwuny aňlatsa, sary reňk arap çölüni aňladýar, ak reňk bolsa päkligi we asudalygy aňladýar. Bu köşkde syýahatçylaryň ünsüni çekýän ýene-de bir aýratyn bölegi gündogar ganatynda ýerleşen “Bilimiň öýi” diýip atlandyrylýan kitaphanadyr. Ol ýerde 50000-den gowrak kitap ýerleşýär we ol ýerden okamak üçin kitap almaga ähli mümkinçilikler döredilipdir. Köşgüň günbatar ganatynda bolsa BAE-niň Ýokary geňeşiniň mejlisini geçirmek üçin mejlisler otagy ýerleşen. Ol otagda  350000 kristaldan ýasalan ajaýyp lýustra bar. Mundan başga hem ol ýerde köşge syýahat edýän myhmanlar üçin 300 orunluk banket zaly hem ýerleşendir.

Ýene-de okaň

ABD Dışişleri Bakan Yardımcısı Türkmenistan’da

Taşkent’te C5+1 formatında Orta Asya ve ABD Kültür Bakanları toplantısı gerçekleşti

Cenevre’de Orta Asya ülkeleri Sendikaları Başkanları toplantısı gerçekleşti

Türkmenistan’da Azerbaycan Kültür Günleri kapsamında konser düzenlendi

Cumhurbaşkanı Serdar Berdimuhamedov, Azerbaycan Kültür Bakanı Adil Kerimli’yi kabul etti

Türkmenistan Dışişleri Bakanı Azerbaycan Kültür Bakanı ile görüştü