GENEL

ABŞ-nyň ilçihanasyndan gyşky film görkezilişi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasy däbe öwrülen gyşky film görkezilişi çäresini geçirmäge taaýýarlanýar.  Bu gezek 3 sany amerikan sazly filmleri görkeziler.  Gyşky film görkeziliş çäresi 2-nji fewralda badalga alar. Bu gezek  “Tangled”, “La La Land” we “Aladdin” atly filmler görkeziler. Bu filmlere Aşgabadyň, Türkmenabadyň, Marynyň, Daşogzuň, Balkanabadyň we Türkmenbaşynyň teatrlarynda tomaşa edip bilersiňiz.

Gyşky film görkezilişi fewral aýynyň 16-syna çenli dowam eder. Filmler rus dilinde görkezilip we iňlis dilinde subtitrli bolar. Filmler tölegsiz we hemmeler üçin açykdyr. Öňünden bilet almak zerurlygy ýok, ýöne zallar doly bolup biler.

Related posts

TBMM Başkanı Numan Kurtulmuş Türkmenistan Meclis Başkanı ile görüştü

Amerika Size garaşýar: Täze başlaýanlar üçin

Dr.Döwran Orazgylyjov

Ammar Toisif :Pyragynyň şygyrlary urdu dilinde

vepa