GENEL

Elektrikli uçarlaryň döwri başlanýar

Finlýandiýanyň howa menzilleriniň operatory «Finavia» elektrikli awiasiýany ösdürmek boýunça başlangyja goşulyp, 2020-nji ýylyň ahyryna çenli içerki gatnawlarda elektrik togy bilen işleýän uçarlary ulanmak göz öňünde tutulýar.

«Finavia» operatory 2018-nji ýyldan bäri bu ugra maýa goýup gelýär. Şol ýyl Helsinkiniň aeroportlarynda bu ugurda synag uçuşlary amala aşyryldy. Täze başlangyç howa hapa gazlarynyň goýberilýän möçberini azaltmaga mümkinçilik berer.

– Finlýandiýa ilkinji bolup, içerki gatnawlarda elektrik togy bilen işleýän ýolagçy uçarlary ulanyp başlar. Elektrik öndürmek üçin arassa tehnologiýalar ulanylýar. Günden hem-de ýelden elektrik togy öndürilýär. Elektrikli uçarlar hem geljekde howanyň hapalanmagynyň öňüni almaga mümkinçilik berer. Olar gysga aralyk üçin göz öňünde tutular – diýip, «Finavia» operatorynyň tehniki işler boýunça müdiri Anri Hansson gürrüň berdi.

Related posts

Türkmenistan’da el yapımı halı üretimi arttırılacak

Türkmenhavayolları Ajansı Ortadoğu’daki durum dolayısıyla uluslararası insani yardım uçuşlarını koordine ediyor

Türkmenistan’da yeni tekstil mağazaları açıldı