GENEL

Gapa getirip berýär

Sanly tehnologiýa oba hojalygynyň mümkinçiliklerini şeýle bir artdyrýar welin, käbir zatlar hakynda pikir edip ýetişmänkäň, ol gapyňa çenli geläýýär. Ine, «Robomart» söwda dükany hem şeýle täsinlikleriň biri. Ol dürli miwelerdir gök önümleri gapa çenli getirip berýär.

Indi gündelik ulanjak miwedir gök önümleri hem Internetden sargyt edip bilýäris. Ýöne munuň bir kemçiligi getirilen önüm bilen oňňut etmeli bolýarys. Ýöne her kim hem bu önümleri hut öz eli bilen saýlap almak isleýändir. «Robomart», ine, şol islegimizi kanagatlandyrýar.

Mobil, sürüjisiz hereket edýän bu çaklaňja dükan kiçiräk bir gök önüm ýa-da miwe toplumyny öýmize çenli getirýär. Soňra islegimize görä, önümleriň iň gowusuny saýlap alyp bilýäris.

«Robomart» salgyny tapmak, ýol hereketiniň düzgünleri, önümleriň terligini goramak ýaly aýratynlyga eýe bolan programmalar bilen doly üpjün edilendir. Oňa berkidilen kamera satyjylaryň alnan harytlary bellige almagyna we nagt däl hasaplaşygy amala aşyrmagyna ýardam berýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Cumhurbaşkanı Azerbaycan’a devlet ziyaretini gerçekleştirecek

PETRONAS yeni anlaşmalarla Türkmenistan’daki 30. yılını kutluyor

Türkmenistan Bakü’de düzenlenen Uluslararası Ombudsmanlar Zirvesi’ne katıldı

Türkmenistan ile Malezya, petrol ve doğal gaz sektöründe stratejik anlaşmalar imzaladı

Malezya Başbakanı Aşkabat’a geldi

Malezya Başbakanı Türkmenistan’a geliyor