GENEL

Gan basyşynyň melhemi

Helsinski uniwersitetiniň alymlary brusnika ösümliginden ýasalan içginiň ýokary gan basyşyny kadalaşdyrmakda iň peýdaly melhemdigini aýdýarlar. Bu barada «MedicalXpress» neşiriniň habarynda nygtalýar.

Munuň üçin bilermenler ýörite synag hem geçirdiler. Ýokary gan basyşy bar diýilýän jandarlarda geçirilen synagda olara klýukwa, gara smorodina we brusnika şerbetleri berildi. Bu ösümlikleriň gan basyşyny kadalaşdyrmakdaky peýdasy lukmançylyk ylmy tarapyndan tassyklanandyr.

Geçirilen tejribede brusnikadan taýýarlanan şerbet iň ýokary netijäni görkezdi. Asyl görlüp oturylsa, ömri uzaltmakda hem brusnikanyň ähmiýeti uly bolup biljek eken.

Related posts

Turizm haftası Aşkabat’ta kutlandı

vepa

Hazar’ın liman başkanlarının toplantısı

vepa

Türkmenistan ile Tataristan arasında online görüşme

Ata Watan Eserleri