GENEL

“Ata Watan Eserleri” bäsleşiginde ýeňijiler belli boldy

‘Atawatan Türkmenistan’ halkara Žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty tarapyndan yglan edilen we Makul Hyzmat Terjime Merkezi we  Atavatan Danışmanlık Yayıncılık Tercüme Turizm ve Bilişim LTD şereketi tarapyndan goldaw berilen “Ata Watan Eserleri” bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy.

 Bäsleşigiň şertlerine görä, “iň köp okalan” eserler degişlilikde baýrakly orunlary eýeledi. Ýeňijilere baýraklar ýakynda dabaraly ýagdaýda Aşgabat şäherinde gowşurylar. Baýrakly orny eýelän eserleriň awtorlaryna  döredijilik topary tarapyndan baýrak gowşurylyş dabarasy barada aýratyn habar beriler.  Her ugurdan ilkinji onlyga giren eserler we döredijilik topary tarapyndan saýlanan eserler boýunça aýratyn e- kitapçyk taýýarlamak meýilleşdirilýär. Şu habarymyzda ýeňiji bolan eserleri okamak isleseňiz, eseriň  “ýaşyl”  renkde ýazylan adyna basmagyňyzy maslahat berýäris.

“Ata Watan Eserleri” döredijilik topary 2020-nji ýylyň başlarynda has uly baýraklar bilen täze bäsleşigi yglan etmegi meýilleşdirýär, şonda, şol bir kompýuter ýa-da mobil çeşmeden bir eseriň linkine näçe gezek girilse hem “1 gezek okaldy” edip  görkezýän ulgamy ornaşdyrar we ýeňijini kesgitlemegiň has döwrebap beýleki modelini ornaşdyrar. Bäsleşik barada öz bellikleriňizi we teklipleriňizi atawataneserleri@gmail.com salgysyndan bize ibermegiňizi haýyş edýäris.

 

‘Ata Watan Esereri’  Bäsleşiginiň Ýeňijileri

BAŞ BAÝRAK :

 

RedMi 7A TELEFON WE HORMAT HATY

Ýeňiji

Kakama Gowuşmadyk Hatlar

Awtory : Muhammet BEKGIÝEW, “Türkmenistan” gazeti

 

“GOŞGY” UGRUNDAN ÝEÑIJILER

1-nji Orun :

 

Microwave Peç  we hormat haty:

Ýeňijisi : Huşum Birýana

Awtory :  Aşyr Gurbangeldiýew, Balkan welaýaty, Serdar etraby

 

2-nji Orun :

 

TTEC, Re Charger Universal Powerbank we hormat haty

 

Ýeňijisi : Bagyşla diýmäge derek

Awtory : Altyngözel Amanmämmedowa, Türkmen Döwlet  medeniýet institutynyň syýahatçylyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby

 

3-nji Orun : 

Preo My Sound X-Bass we hormat haty

 

Ýeňijisi : Döwrüň Meselesi

Awtory : Baky Amanýazow

 

 

 

“ BEÝLEKI ESERLER” UGRUNDAN ÝEÑIJILER

 

1-NJI ORUN : 

Baýragy : Microwave Peç  we hormat haty:

 Ýeňijisi  :”Geografyň gutlagy

Awtory : Baýgeldi Çaryýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa fakultetiniň meteorologiýa hünäriniň IV ýyl talyby.

 

2-NJI ORUN :

 

Baýragy : TTEC, Re Charger Universal Powerbank we hormat haty

Ýeňijisi : Beýik Ýaşa

Awtory : Ýusup Orazberdiýew, Aşgabat şäheri

 

3-NJI ORUN : 

Baýragy : Preo My Sound X-Bass we hormat haty

Ýeňiji : Kitaby Ýatyp Okamagyň Zyýanlary

Awtory : Näzikjemal Güýjowa, Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiň talyby

Şeýle hem sanawy berilen şu eserleriň awtorlaryna hormat haty we höweslendiriji baýraklar gowşurylar.

 

“Goşgy” ugry boýunça

 

  1. Atam, Aliakbarowa Selbi
  2. Buýsançnama, Gylyçmyrat Döwletow
  3. Eje, maňa alajabag örüp ber, Gözel Umarowa
  4. Sözden peýda ýok, Abdyrahman Orazmämmedow
  5. Türkmen biz, Çaryýewa Jemal
  6. Uýama, Aýbölek Abdyýewa
  7. Ýykylmagy hak edýärmi şol ene, Atajan Öwezgeldiýewiç

“Beýleki Eserler” ugry boýunça

  1. Suw içmegiň peýdalary, Jelilberdi Nurberdiýew
  2. Siz, söýginiň dilini bilýäňizmi?, Şirin Şirliýewa
  3. Çeltek Hasaby, Toýly Hommyýew,
  4. Ýene-de Gün dogdy..., Sähetmyrat SÄHEDOW
  5. Mähir mekdebi, Ýazmuhammet Seýitmyrtadow
  6. Sagdyn Düşünje, Kakajan Alyýew
  7. Ulag baradaky arzuwym…, Abdyrahman Orazmämedow

Ýene-de okaň

4. Korkut Ata Türk Dünyası Film Festivali Ödül Töreni Düzenlendi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’ın diplomatik misyonlarında basın ataşesi görevi oluşturulacak

Türkmenistan’da kabine değişikliği

TÜRKSOY Kıdemli Memurlar 4. Toplantısı Aşkabat’ta yapıldı

Türk Dünyası Sinema Zirvesi Aşkabat’ta düzenlendi

Birol Güven: Türk dünyası ile ortak filmler üretme projemiz var