GENEL

Täze ýylyň şowhuny

“Täze ýyl” baýramy dünýäde iň şowhunly baýramçylyklaryň biri bolup, oňa ululy-kiçili hemmeler uly sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Täze ýyl baýramçylygyny giňden bellemek üçin birnäçe gün öňünden taýýarlanylyp başlanýar. Elbetde eziz Diýarymyzda hem Täze ýylyň ýaňy hem-de öwüşgini barha artýar.

Eýýäm kinokonsert zallarda Täze ýylyň şanyna şowhunly Täze ýylyň  gurnalyp başlandy. Paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän her bir binanyň we söwda merkezleriniň öňündäki meýdanlary Täze ýyl arçalary bezäp otyr. Aşgabat şäheri gijelerine has owadan keşbe eýe boldy. Çünki şaýollary, seýilgähler hem-de jemgyýetçilik ýerleri biri-birinden owadan çyralar bilen bezeldi.

Şu ýylyň 15-nji dekabrda Aşgabatdaky “Älem” medeni dynç alyş merkezindäki 40 metr belentlikdäki baş arçamyzyň hem yşyklarynyň ýakylmagy Täze ýyl baýramçylygynyň dabaralaryny has-da belende galdyrdy.

Täze ýyl – bu sowgatlaryň baýramy. Ähli söwda merkezlerinde Täze ýylyň öňýanynda baýramçylyk sowgatlarynyň söwda satuwyny amala aşyrylyp başlandy. Goý, Täze 2020-nji ýyl rysgal bereketiň ýyly bolsun!

Related posts

Rusya ve Orta Asya Dışişleri Bakan Yardımcıları toplantısı

Orta Asya ülkeleri ve Letonya’nın ulaştırma alanında işbirliği yapacak

Orta Asya ülkelerinin ilk medya forumu Kazakistan’da başladı