GENEL

Döwletjan Ýagşymyradow ýene-de çempion!

Başa-baş göreş boýunça 30 ýaşly türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow 14-nji dekabrda Sankt-Peterburgyň «Sibur Arena» sport toplumynda bolan tutluşykda russiýaly Alekseý Butorini ýeňip, çempionlyk guşagyny gorady. Bu tutluşyk ACA 103 ýaryşynyň çäginde geçirildi.

Ýarym agyr türgenleriň arasynda, 93 kilograma çenli agram derejesinde bolup geçen tutluşyk bäş döwden ybarat boldy. Eminleriň gelen karary bilen ACA-nyň ozalky çempiony, türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradow ýeňiji diýlip yglan edildi.

Şeýlelikde, biziň ildeşimiz iri halkara tutluşyklaryndaky 18-nji ýeňşini gazandy. 33 ýaşly Alekseý Butorin bolsa bassyr üç tutluşykdaky ýeňişden soňra asgyn geldi. Bu utulyş onuň iri halkara tutluşyklardaky dördünji utulyşydyr.

Ýeri gelende aýtsak, Döwletjan Ýagşymyradow ACA-da (Absolute Championship Akhmat) ýaryşýan we çempion bolan ilkinji türkmenistanly pälwandyr. Ildeşimiziň şu ýylyň 16-njy fewralynda Polşanyň Warşawa şäherinde geçirilen tutluşykda ýerli türgen Karol Selinskini wagtyndan ozal ýeňip, çempion bolandygyny hem ýatladýarys.

Ýene-de okaň

Taşkent’te “Orta Asya-Kore Cumhuriyeti” Zirvesi hazırlıkları ele alındı

Türkmenistan AB ve Orta Asya’nın Afganistan konulu toplantısına katıldı

Türkmenistan Cumhurbaşkanı’nın Azerbaycan’ı ziyareti planlanıyor

Türkmenistan Cumhurbaşkanı Donald Trump’ın doğum gününü kutladı

İran Dışişleri Bakan Yardımcısı’nın Aşkabat’a ziyareti

Malezya Başbakanı Türkmenistan’a resmi ziyaret gerçekleştirecek