DÜNYA

Gonkong ― syýahatçylygyň we syýahatçylaryň şäheri

Gonkong dünýä boýunça syýahatçylary özüne iň köp çekýän şäher derejesini saklap galdy. «Euromonitor International» guramasynyň «Top 100 City Destinations 2019» reýtinginde birinji ornuň eýesi üýtgemedi. Tamamlanyp barýan ýylda hem syýahatçylaryň Gonkonga bolan gyzyklanmasy zerreçe-de egsilmedi, gaýtam artdy.

Gonkongdan soňky orunlary Bangkok, Makao we Singapur eýeledi. Ilkinji bäşligi bolsa London şäheri jemledi. Ozalky sanawda London üçünji orundady. Ýöne «Brexit» hem-de wiza çäklendirmeleri 2019-njy ýylda Angliýanyň paýtagtyna gelýän syýahatçylaryň sanyny azaltdy.

Şeýle hem bilermenler Barselona, Milan we Wena ýaly şäherlere gelýänleriň sanynyň biraz azalandygyny, tersine, Horwatiýanyň, Sloweniýanyň we Şwesiýanyň şäherleriniň şu ýyl ozalkylaryndan has köp syýahatçylary kabul edendigini aýdýarlar.

Related posts

Cumhurbaşkanı Erdoğan ve dünya Liderlerinden Nevruz kutlaması

Türkiýe Respublikasynyň Täze Bellenen Ilçisi Bilen Duşuşyk

vepa

Türkiýede döwlet talyp haky bilen ýokary bilim almak

vepa