GENEL

10 ýyllyk karzyny üzdi

Ozal hem habar berşimiz ýaly, mundan birki gün ozal Fransiýanyň paýtagtynda ýylyň iň gowy futbolçysyna «Altyn top» baýragynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Dabarany alyp baryjy, ozalky meşhur futbolçy Didýe Drogba ýylyň iň gowy düzümine saýlanan fransiýaly ýaş hüjümçi Kilian Mbappe sahna gelen wagty onuň bilen selfi düşdi.

Meşhur ýyldyz bu pursaty mundan 10 ýyl ozal edilen karz hökmünde düşündirdi. Esasan, Angliýanyň «Çelsisiniň» düzüminde oýnan ýyllarynda ýyldyzlaşan we klubyň ady rowaýata öwrülen futbolçylarynyň biri bolup bilen afrikaly ýyldyz bu barada şeýle diýdi:

«Mundan 10 ýyl ozal «Çelsi» bilen «Barselonanyň» arasyndaky duşuşykdan soňra eminler bilen haýsydyr bir meseläni çekeleşip durdum. Şol wagt arkamdan bir oglanjyk geldide, bile surata düşmegimizi haýyş etdi. Şol wagt gahar sebäpli men onuň haýyşyny ret etdim. Bu gün bolsa şol oglanjyk ― Kilian Mbappe bilen surata düşüp, 10 ýyllyk karzymy üzýärin».

Meşhur ýyldyzyň bu sözlerine dabara gatnaşyjylar ýylgyrma bilen el çarpyşdylar.

Related posts

Daşoguz şäherinde 450 orunlyk köpugurly hassahana gurular

vepa

Türkmenistan Devlet Başkanı Nisan’da Tacikistan’ı ziyaret edecek

Ýanwar 2019 : Açylyş we Çäreler

vepa