GENEL

Magnit otlusynyň ýoly gurulýar

Ýaponiýanyň «JR Tokai» demir ýol kompaniýasy magnit bilen hereketlenýän tiz otlular üçin täze bir demir ýoluň gurluşygyna girişdi. Kompaniýa bu ýoly bölekleýin gurar.

Ýapon metbugatynda ýazylyşy ýaly, ilkinji tapgyrda Sinagawa ― Nagoýa aralygyndaky ýol gurlar. 286 kilometr uzynlygynda boljak bu ýoluň gurluşygy 2027-nji ýylda tamamlanar. 2037-nji ýyla çenli bolsa bu ýoluň uzynlygy 438 kilometre ýeter we Osaka şäherine barar.

Ýapon hökümeti täze ýoly gurmak üçin 83 milliard dollardan gowrak serişde niýetleýär.

Related posts

Türkmenistan, Doing business projesine katılacak

Ata Watan Eserleri

Aşkabat’ın büyüleyici kış manzalaları

Azerbaycan Cumhurbaşkanı Türkmenistan heyetini kabul etti