GENEL

Iň ýaşuly zyýaratçy

101 ýaşly Atar Bibi Saud Arabystanyna Haj zyýaraty üçin geldi diýip, «Saudi Gazette» ýazýar. Şeýlelikde, bir asyry arka atan ene 2019-njy ýylda Haj zyýaratyna gelen iň ýaşuly zyýaratçy hökmünde hasaba alyndy.

Ýerli metbugatyň ýazmagyna görä, Atar Bibi enäni Medine şäheriniň Halkara howa menzilinde Saud Arabystanynyň Haj ministrliginiň wekilleri garşyladylar. Onuň ýanynda ýaşy 60-a ser uran gyzy hem bar.

Şu habar bilen ugurdaş suratdan hem synlaýşyňyz ýaly, ýylyň iň ýaşuly zyýaratçysy özüni juda bagtyýar saýýar. Döwlet tarapyndan onuň Haj parzy döwründe ähli ybadatlary ýerine ýetirmegi üçin ähli mümkinçilikler dörediler.

Related posts

DSÖ: Türkmenistan tütünle mücadelede dünya lideri

vepa

CAREC toplantısında ulaştırma ve lojistik işbirliği görüşüldü

vepa

“Peýdaly Maslahat” : Peýdaly Maglumatlary Özünde Jemleýär

Dr.Döwran Orazgylyjov