GENEL

Türkmenistan bilen Eýranyň kitap alyş-çalyş işiniň taryhyndan

“Atawatan Türkmenistan” halkara Žurnalynyň döredijilik topary tarapyndan  taryh ylymlarynyň doktory Almaz Ýazberdiýewiň “Türkmenistan bilen Eýranyň kitap alyş-çalyş işiniň taryhyndan” atly ylmy işi makalalar toplumy görnüşinde  www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda yzygiderlikde neşir etmek üçin taýýarlanyldy.

Döredijilik toparymyz ilki bilen taryh ylymlarynyň doktory Almaz Ýazberdiýewiň gysga terjimehalyny Size ýetirýär.

Almaz Ýazberdiýew, 1939-njy ýylda  eneden dogulýar.  1957-1959-njy ýyllarda Aşgabatda Medeni aň-bilim tehnikumynda okaýar we ony tapawutlanan diplom bilen tamamlaýar. 1959-1963-nji ýyllarda ol Moskwanyň Döwlet medeniýet institutynda (MDMI) okaýar we bu okuw mekebini gutarandan soň Türkimenistanyň YA-nyň Merkezi ylmy kitaphanasyna (MYK-a) işe goýberilýär. 1969-1972-nji ýyllarda MDMI-niň aspiranturasyna gaýybana okuwa girýär we ony üstünlikli tamamlap, 1973-nji ýylda bu institutda kandidatlyk dissertasiýasyny, 1993-nji ýylda Türkmenistanyň YA-nyň Taryh institutynda taryh ylymlarynyň doktory alymlyk derejesini goraýar.

 MYK-da Baş bibliograf, Ylmy-bibliografiýa bölüminiň müdiri, direktoryň orunbasary,1973-2017-nji ýyllarda onuň direktory wezipelerini ýerine ýetirýär. 2017-nji ýylyň sentýabr aýyndan häzirki döwre çenli Türkmen döwlet medeniýet inistitutynyň kitaphanaşynaslyk we bibliografiýaşynaslyk kafedrasynyň Uly mugallymy bolup işleýär,

  A.Ýazberdiýew 1994-nji ýylda „Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri” diýen hormatly ada mynasyp bolýar we 1996-njy ýylda „Watana bolan söýgüsi üçin” atly medal bilen sylaglanýar.

 

 

Ýene-de okaň

“Karabağ” ve “Ahal-Teke” atları üzerine işbirliği görüşüldü

Türkmenistan ile Rusya Dışişleri Bakanları telefonda görüştü

Türkmenistan Almanya-Orta Asya Dışişleri Bakanları toplantısına katıldı

Azerbaycan Demiryolları Başkanı Türkmenbaşı Limanı’nı ziyaret etti

Türkmenistan-Azerbaycan-Özbekistan-Gürcistan hattında ulaştırma işbirliği

Ata Watan Eserleri

Bakan Ömer Bolat Aşkabat’ta Türk İhraç Ürünleri Fuarı’na katıldı