GENEL

Bir baş üzüm 11 müň dollara satyldy

Ýaponiýanyň Isikawa auksionynda «Ruby Roman» görnüşli üzümiň bir başy ABŞ-nyň 11 müň dollaryna satyldy diýip, dünýä metbugaty habar berýär.

Ýöne bu-da heniz «elýeterli». Sentýabr aýynda bu üzümiň ýekeje başynyň bahasynyň 26 müň dollara çykmagyna garaşylýar. Çünki «Ruby Roman» dünýäniň gymmat üzümidir.

Ýaponiýaly alymlar üzümiň bu görnüşini 1994-nji ýylda ösdürip ýetişdirdiler. Ýöne ol diňe 14 ýyldan soň, 2008-nji ýylda satylyp başlandy. Iri däneli, gyzyl-ýakut reňkli üzümiň tagamy juda şirindir.

Related posts

Türkmen Liderinin yeni kitabı okurlarla buluştu

vepa

Russiýanyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly gepleşi

vepa

Türkmenistan, Asya ile Avrupa’yı Birleştirecek

Dr.Döwran Orazgylyjov