GENEL

13 minutda kuwwat

Hytaýyň smratfon işläp çykarýan «Vivo» kompaniýasy «Super FlashCharge 120W» atly kuwwat tehnologiýasyny ― zarýad berijini öndürendigini habar berdi. Aýdylyşyna görä, bu enjam 4 müň mA-lik batareýa bary-ýogy 13 minutda doly zarýad berer.

Kompaniýa täze enjam bilen gyzyklanýanlar üçin ýörite wideogörnüşleri hem taýýarlady. Şol görnüşlerdne hem görnüşi ýaly, takmynan, 16 sekundyň içinde telefonyň zarýady 10 göterimden 14 göterime çenli çykýar.

Çalt zarýadlandyrmak boýunça ozalky rekord başga bir Hytaý kompaniýasy «Xiaomi»-e degişlidi. 100 wattly bu tehnologiýa smartfonyň batareýasyny 17 minutda doly zarýadlandyryp bilýärdi. «Oppo»-nyň «Find X Lamborghini Edition» enjamy üçin bolsa doly zarýad üçin 35 minut wagt gerek.

«Vivo» täze enjamyny ilkinji gezek 26-njy iýunda Şanhaýda geçiriljek sergide köpçülige görkezmegi meýilleşdirýär. Şol gün kompaniýanyň 5G tizlikdäki internete ukyply smartfony bilen hem tanyşdyrmagyna garaşylýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Orta Doğu’da gerilimin azaltılması çağrısında bulundu

Aşkabat, dünya enerjisinin siyasetten arındırılmasını savundu

Azerbaycan ile Türkmenistan eğitim alanında iş birliğini görüştü

Rusya Büyükelçisi: Rusya, kozmonot eğitimi konusunda Türkmenistan ile iş birliğine hazır

“Makul Dil Kılavuzu” ABD Kongre Kütüphanesi kataloguna girdi

İlk Orta Asya–Kore Cumhuriyeti Zirvesi için hazırlıklar Seul’de ele alındı