Global tebigy gaz sarp edilşi geçen ýyl 5,3 göterim artdy. Bugün halk köpçüligine ýetirilen “BP Statistical Review of World Energy 2019” maglumatnamasynda bellenişine görä, geçen ýyl dünýäde jemi 3 trillion 848 milliard kubmetr tebigy gaz sarp edilipdir.
Geçen ýyl dünýäde sarp edilen tebigy gazyň 21,2 göterimi ABŞ tarapyndan sarp edilipdir. Bu ýurtda geçen ýyl jemi 817 milliard kubmetr tebigy gaz sarp edilipdir. Dünýäniň iň uly tebigy gaz gorlaryna eýe bolan Russiýada geçen ýyl jemi 454 milliard kubmetr tebigy gaz sarp edilipdir. Hytaýyň sarp eden tebigy gaz serişdesiniň möçberi bolsa geçen ýyl 283 milliard kubmetre barabar bolupdyr. Hytaý 10 ýyl mundan öň, ýagny 2008-nji ýylda 82 milliard kubmetr tebigy gaz sarp edipdi. Başgaça aýdanymyzda Hytaýyň tebigy gaz bazary soňky 10 ýylda 3,5 esse ösüpdir. Geçen ýyl Eýranyň sarp eden tebigy gazynyň möçberi 225 milliard kubmetre, Ýaponiýanyň bolsa 115 milliard kubmetre barabar bolupdyr. Türkmenistanda gaz turbinaly elektrik beketleriň sany artýar, şeýle hem, ýurtda senagatlaşmak yzygiderli artýar. Bu bolsa, ýurdymyzda hem tebigy gaz sarp edilişi artýar. Geçen ýyl Türkmenistanda tebigy gaz sarp edilişi hem ýokary derejede artypdyr.
Dr. Döwran Orazgylyjow
turkmenlawyer@turkmenlawyer.com