GENEL

Taryhda iň uzyn laýner öndürildi

Amerikanyň “Boeing” kompaniýasy “Boeing 777x” kysymly uçarynyň täze nusgasyny – ýagny, dünýäde iň uzyn laýneri öndürdi. Täze uçaryň uzynlygy ozalky rekordyň eýesi bolan “Boeing 747-8” nusgasyny hem yzda  galdyrýar.

Täze laýneriň uzynlygy 77 metre ýetýär. Ganatlarynyň uzynlygy bolsa onuň boýundan bary-ýogy 5 metr gysga (72 metr). Şu baharda täze laýneriň synag uçuşyny amala aşyrmak meýilleşdirilýär. “Boeing” bu uçarlar üçin eýýäm birnäçe ýerden sargyt hem aldy.

CNN-iň ýazmagyna görä, bu ägirt uçar Ewerett şäherindäki (Waşington ştaty) uçar zawodynda ýapyk ýerde gurnaldy.

Related posts

Orta Asya Dışişleri Bakanları toplandı

vepa

Milli Liderimiz Mewlüt Çawuşogluny kabul etdi

vepa

Ukraynalı iş dünyası Türkmen pazarına ilgi gösterdi