GENEL

4,5 müň ýaşlydyr öýdülenler aslynda ….

«Euronews»-yň berýän habaryna görä, Şotlandiýandiýanyň Aberdinşir diýen ýerinde taryhçylar tarapyndan 4 müň 500 ýaşlydyr öýdülen daşlaryň, aslynda, ýerli daýhanlaryň biri tarapyndan 20 ýyl ozal dikilendigi anyklanyldy.

Geçen ýyl bu taşlary «öwrenen» arheologlar ony «taryhyň bir parçasy» edip görkezdiler. Şeýdibem, olar geçmişiň uly sahypalarynyň biriniň üstünden barandyrys öýtdüler. Emma şu ýakynlarda ýaşaýan bir adam ozal şu töwerekleriň eýesi bolandygyny we 20 ýyl ozal bu daşlary özüniň dikendigini aýtdy. Şeýlelikde, daşlaryň mundan 4,5 müň ýyl ozal dikilmän, eýsem, geçen asyryň 90-njy ýyllarynda dikilendigi ýüze çykaryldy.

Daşlaryň aşaky böleginden alnan toprak we käbir maddalar hem geçirilen barlaglaryň netijesinde özleriniň 4,5 müň ýaşly däldigini görkezdiler.

Aslynda, Şotlandiýada taryhy daşlaryň birnäçesi bar. Mysal üçin, Lewis adasynda dikilgi duran 50 töweregi daşyň 3 müň ýaşynyň bardygyny ylym bireýýäm subut etdi. Alymlar «täze tapyndyny» has irki döwre degişli etjek boldular. Görnüşi ýaly, olar bolsa, biziň köpimizden hem «ýaş» eken.

 

Ýene-de okaň

Taşkent’te “Orta Asya-Kore Cumhuriyeti” Zirvesi hazırlıkları ele alındı

Türkmenistan AB ve Orta Asya’nın Afganistan konulu toplantısına katıldı

Türkmenistan Cumhurbaşkanı’nın Azerbaycan’ı ziyareti planlanıyor

Türkmenistan Cumhurbaşkanı Donald Trump’ın doğum gününü kutladı

İran Dışişleri Bakan Yardımcısı’nın Aşkabat’a ziyareti

Malezya Başbakanı Türkmenistan’a resmi ziyaret gerçekleştirecek