GENEL

“1917” atly film “BAFTA” baýragynyň öňdebaryjysy

Beýik Britaniýanyň Kino we sungat akademiýasynyň (BAFTA) baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi. 73-nji gezek geçirilýän “BAFTA” dabarasynda “1917” atly film gazanan köp sanly baýraklary bilen köpleri haýran galdyrdy.

Birinji jahan urşuny suratlandyrýan bu film 7 ugur boýunça baýraga mynasyp boldy. Filmi surata düşüren Sem Mendes “Iň gowy režissýor” baýragyna mynasyp boldy. Mundan başga-da, bu film “Iň gowy britan filmi”, “Iň gowy kinomotografiýa”, “Iň gowy ses taslamasy” ýaly ugurlar boýunça öňdeligi eýeledi.

Dabarada  “Joker” filmindäki ýerine ýetirilen keşbi üçin Hoakin Feniks “Iň gowy aktýor” hökmünde saýlandy. Rene Zellweger bolsa “Judi” filmindäki ýerine ýetiren keşbi üçin “Iň gowy aktrisa” baýragyna mynasyp boldy.

Related posts

Avrupa Komiseri Jozef Síkela Orta Asya turuna çıkıyor

Öz gadyrymyz bileliň

Ata Watan Eserleri

Rus satranç antrenörleri, Türkmen sporcuları eğitecek

vepa