GENEL

17 ýyldan soň…

Ispaniýanyň Şa Kubogy ugrundaky ýaryşda 17 ýyldan soňra milli çempionatyň öňdebaryjy toparlary «Barselona», “Real Madrid” hem-de “Atletika Madrid” ýarym final duşuşyklaryna gatnaşmakdan mahrum galdylar. Bu toparlar 2002-2003-nji möwsümden soňra ilkinji gezek abraýly kubok ýaryş ýeňlişe sezewar boldular.

“Atletiko” topary 1/16 final duşuşygynda “Kultural Leones” toparyny 1:2 hasabynda, “Barselona” topary 1/8 final duşuşygynda “Atletik” toparyna 0:1 hasabynda, “Real Madrid” topary hem 1/8 final duşuşygynda “Real Sosýedad” toparyna 3:4 hasabynda utuldy.

Şeýlelikde, “Barselona” topary bassyr 6 ýyldan bäri bu ýaryşda final tapgyryna çykýandygyna garamazdan, bu gezek ýeňilmek bilen boldy. Düzüminde Lionel Messi ýaly dünýäniň ökde oýunçysy bolan “Barselona” topary 2015-nji hem-de 2018-nji ýyllarda kubogyň final duşuşygynda ýeňlipdi.

Mundan başga-da, Ispaniýanyň iň güýçli iki topary hasaplanýan «Barselona» hem-de “Real Madrid” topary mundan ozal 1955-nji ýylda şol bir günde Kubok ýaryşynda ýeňlip, ýaryşdan galypdy. 65 ýyldan soňra bu ýagdaý täzeden gaýtalandy. Ýene-de bu iki topar bir günde kubok ýaryşynyň daşynda galdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan’da 6 ayda 39,1 milyar metreküp doğal gaz üretildi

Türkmenistan uluslararası zirvelere ve toplantılara hazırlanıyor

Türkmenistan Cumhurbaşkanı, Katar Emiri’ne taziye mesajı gönderdi

Azerbaycan ve Türkmenistan ikili İş Konseyi kurulmasını görüştü

Türkmenistan Dışişleri Bakanı Azerbaycan Ekonomi Bakanı ile görüştü

Türkmenistan Cumhurbaşkanı Ekonomi Bakanı Mikayıl Cabbarov’u kabul etti