GENEL

15 million dollarlyk toý lybasy

Müsürli dizaýner Hany al-Behairiniň 800 sagadyny sarp edip, zenanlar üçin taýýarlan toý lybasynyň bahasy 15 million dollar möçberinde kesgitlendi. Bu lybas iň gymmat toý lybaslarynyň arasynda 3-nji orny eýeledi,

Hany al-Behairi Müsüriň baý maşgalasynyň gyzy üçin ýüzlerçe gymmat bahaly daşlary goşup, toý lybasyny taýýarlady. Bu lybas ilkinji gezek şu ýylyň 20-nji ýanwarynda PariŽ şäherinde geçirilen moda hepdesinde köpçülige görkezildi.

Häzirki wagtda dünýäniň iň gymmat toý lybasy “Nightingale of Kuala Lumpur” (“Kuala-Lumpuryň bilbili”) atly lybasy hasaplanýar. Onuň bahasy 30 million dollardyr.

Bu ugurda ikinji orunda 2013-nji ýylda angliýaly dizaýner Debbei Wingham tarapyndan taýýarlanan “Abaýa” atly lybas eýeläp, onuň bahasy bolsa, 17,7 million dollara deňdir.

Related posts

Туркменистан выдвинул новые инициативы по профилактике инфекционных болезней

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi halkara bäsleşik yglan etdi

Yılın Kelimesi: Makul Sözlük ile 1000 Manat Kazanma Şansı!