GENEL

1 tonnalyk kädi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýeňil awtoulagyň agyrlygyna barabar agyrlykdaky kädi ösdürilip ýetişdirildi. CNN-iň ýazmagyna görä, ony Konnektikut Ştatynda geçirilen «Topsfield Fair» festiwalynda görkezdiler. Kädini şu Ştatyň ýaşaýjysy Aleks Noel ösdürip ýetişdiripdir.

Bu ägirt kädiniň agramy 1040,7 kilograma ýetýär. Şeýlelikde, ol ABŞ-nyň rekordyny täzeläp, 8,5 müň dollar möçberindäki pul baýragyna mynasyp boldy. Ýöne şeýle ägirt kädiniň agramy dünýä rekordyny täzelemäge ýetmedi. Ginnesiň rekordlar kitabynan girizilen kädi Belgiýada ýetişdirilipdi. Onuň agramy bolsa 1190,4 kilograma ýetýärdi.

Related posts

Aýdymçy Şamyrat Artykow: Halypalaryň ýoly bilen

Dr.Döwran Orazgylyjov

Romanya şirketi, Türkmenistan ile doğrudan işbirliğe hazır

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan maslahat

vepa