Türkmenistan :Wizalary almak üçin çakylyk resmileşdirmek

Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar, eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başgaça bellenilmedik bolsa, Türkmenistana gelmek üçin wiza esasynda Türkmenistanyň çäklerine gelip we onda bolup bilerler.

Daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar, şeýle hem olary çagyrýan ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistana gelmek üçin we Türkmenistandan gitmek üçin wizalary resmileşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna:

Türkmenistanyň çäklerinde — Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň ýerlerdäki degişli bölümleriniň üsti bilen;

Türkmenistanyň çäklerinden daşarda — Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilçilikleriniň we konsullyk edaralarynyň üsti bilen ýüz tutýar.

Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary Türkmenistana çagyran ýuridik we fiziki şahslaryň borçlary

Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary Türkmenistana çagyran ýuridik we fiziki şahslar we kabul edýän guramalar daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan hukuklaryny we borçlaryny öz wagtynda düşündirmäge, olaryň Türkmenistanyň kanunçylygyny berjaý etmegini üpjün etmäge, şeýle hem olaryň wagtynda hasaba alynmagy we Türkmenistanda bolmagyň, zähmet işini amala aşyrmagyň, ýurduň çäklerinde hereket etmegiň, ýurtda bolmagyň kesgitlenen möhletiniň tamamlanmagy bilen hasapdan çykarmak üçin hem-de Türkmenistanyň çäklerinden gitmegi bilen baglanyşykly resminamalary resmileşdirmek boýunça çäreleri görmäge borçludyrlar.

  1. Ýuridik şahslar tarapyndan daşary ýurt raýatyna ýa-da raýatlygy bolmadyk adama çakylyk haty resmileşdirmek üçin aşakdaky resminamalary tabşyrmalydyrlar:

Bellenen görnüşdäki arza 3 nusgada;

Eger kärhana ministrlikler ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen baglaşylan şertnama boýunça daşary ýurt raýatyny ýa-da raýatlygy bolmadyk adamy çagyrýan bolsa, kärhana bilen şertnama baglaşan ministrlik ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edarasy bilen ylalaşmak talap edilýär;

Kärhananyň dörediş resminamalarynyň kepillendirilen göçürme nusgalary;

Daşary ýurt raýatynyň pasportynyň ýa-da raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetnamasynyň (ýol resminamasynyň) göçürme nusgasy;

Daşary ýurt raýatynyň ýa-da raýatlygy bolmadyk adamyň çagyrylmagynyň maksadalaýyklygyny görkezmek bilen, kärhananyň işi barada maglumat.

  1. Fiziki şahslar tarapyndan daşary ýurt raýatyna ýa-da raýatlygy bolmadyk adama çakylygyň resmileşdirilmegi üçin aşakdaky resminamalary tabşyrýarlar:

Bellenen görnüşdäki arza 3 nusgada;

Çagyrýan we çagyrylýan adamynyň pasportynyň göçürme nusgasy;

Garyndaşlygyny tassyklaýan resminama;

Çagyrmagynyň maksadyny tassyklaýan resminama (eger-de bar bolsa).

  1. Daşary ýurt raýatyna ýa-da raýatlygy bolmadyk adama çakylyk hatyny resmileşdirmek we daşary ýurt raýatyny ýa-da raýatlygy bolmadyk adamy wagtlaýyn işe çagyrmaga rugsatnama bermek üçin aşakdaky resminamalar tabşyrylýar:

Bellenen görnüşdäki arza 3 nusgada;

Eger kärhana ministrlikler ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen baglaşylan şertnama boýunça daşary ýurt raýatyny ýa-da raýatlygy bolmadyk adamy çagyrýan bolsa, kärhana bilen şertnama baglaşan ministrlik ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edarasy bilen ylalaşmak talap edilýär;

Daşary ýurt raýatynyň pasportynyň ýa-da raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetnamasynyň (ýol resminamasynyň) göçürme nusgasy;

Borçnama;

Kärhanada işleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň we daşary ýurt raýatlarynyň atma-at sanawy we olaryň arasyndaky göterim san gatnaşygy;

Diplomynyň tassyklanylan terjimesi bilen göçürme nusgasy;

Ýolbaşçy wezipelere çagyrylýan adamlar üçin baş kompaniýanyň müdiriýeti tarapyndan berlen, eýeleýän wezipesini tassyklaýan resminama talap edilýär.

Kärhananyň dörediş resminamalarynyň, alyp barýan işini amala aşyrmaklyga rugsat berýän resminamalarynyň we hereket edýän şertnamalarynyň göçürme nusgalary;

Eger kärhana ygtyýarlylandyrmaga degişli işiň görnüşini amala aşyrýan bolsa, ygtyýarnamanyň göçürme nusgasy.

Related posts

Год после Конференции в Авазе: В ООН в августе отметили Международный день развивающихся стран, не имеющих выхода к морю

Встреча министров иностранных дел Таджикистана и Туркменистана

Политические консультации между Туркменистаном и Республикой Таджикистан

Лала Шохрадова-чемпионка Азии по быстрым шахматам среди юниорок до 20 лет

Ata Watan Eserleri

Президент Туркменистана ознакомился с ходом модернизации и расширения бальнеологического санатория «Арчман»

Визит министра иностранных дел в Туркменистан

Авиакомпания «Туркменистан» увеличивают количество регулярных рейсов по популярным направлениям

Запущен электронный обмен предварительной информацией между таможенными органами Туркменистана и Республики Казахстан

ФК «Аркадаг» узнал соперников по «Лиге чемпионов АФК — 2»

В Тегеране обсуждены актуальные вопросы туркмено-иранского сотрудничества

Лето в турции: гастрономия как часть идеального отпуска

Чемпионы мира по шахматам среди юниоров проведут мастер-классы для сборных Туркменистана

Приоритетные направления Туркменистана на 81-й сессии Генеральной Ассамблеи ООН

Проведены практические учения по контролю паромных перевозок между Азербайджаном и Туркменистаном

Состоялась встреча Министра иностранных дел Туркменистана с Послом Турецкой Республики

В Ашхабаде состоялись первые туркмено-бангладешские политические консультации

Тропы турции: от горных вершин до бескрайних белых просторов соленого озера

Ata Watan Eserleri

Национальный Лидер туркменского народа совершил рабочую поездку в город Аркадаг

Минюст Туркменистана зарегистрировал название «Arkadagyň Ruhy metjidi» для строящейся мечети в Аркадаге

В Аркадаге появится медресе со статусом высшего учебного заведения