Foto Habar: “Garagum ýalkymy”

Gözel Diýarymyzyň Garagum sährasyndaky köp ýyllardanbäri ody sönmeýän Derweze gaz krateridir. Ol “Garagum ýalkymy” diýlip atlandyryldy.

“Garagum ýalkymynyň” täsinlikleri barada gysgaça…

  • Derweze irki döwürlerde gazylyp alynýan peýdaly baýlyklara hem baý ýer. Derweze sebitinde tebigy taýdan arassa kükürdi gazyp almak işi amala aşyrylypdyr. 1929-njy ýylda Derweze ýaýlasynda kükürt zawodynyň düýbi tutulypdyr.

  • Mundan başga-da, geologlar tarapyndan gaz käniniň hem üstünden barlypdyr. Bu ýerlerde ylmy-barlag işleri geçirilip, buraw işleri amala aşyrylypdyr.
  • Buraw işleri geçirilen pursatynda garaşylmadyk tebigy hadysa emele gelipdir. Göz-açyp ýumasy pursatda çuň guýy emele gelipdir. Onuň çuňlugy 20 metre, giňligi 60 metre barabardyr.

  • Geologlar daş-töwerege gaz ysynyň ýaýrap başlandygy duýup, gazyň düzümindäki zäherleýji maddalar janly-jandara zeper ýetirmez ýaly, onuň ýakylýandygyndan ugur alyp, ony ýakmak babatda karara gelnipdir. Şeýlelikde ol müdimi ýanýan oda öwrülipdir.
  • Häzirki wagtda “Garagum ýalkymy” ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň biridir. Guýuda ýanýan oduň alawynyň 10-15 metr belentlige galýandygyny ony synlamaga gelýänlerde örän täsin duýgulary döredýär.
  • Tebigy ýanýan “Garagum ýalkymy” Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatdan 270 kilometr daşlykda, Ýerbent obasyndan, takmynan, 90 kilometr uzaklykda ýerleşýär.
  • Bu ýerde türkmen alymlary indi 50 ýyldan bäri ylmy-gözleg işlerini alyp barýarlar.

  • 2013-nji ýyldan türkmen hünärmenleri kanadaly kärdeşleri bilen bilelikde 500 derejedäki gyzgynlyga çydamly ýörite enjamlary ulanyp, krateriň düýbüne düşüp, ylmy-gözleg işlerini amala aşyrdy.
  • Onuň düýbünden alnan topragyň düzümini öwrenmek arkaly adaty tebigatda ýaşamaga ukypsyz, diňe aýratyn şertlerde ýaşaýan janly bakteriýalaryň bardygy ýüze çykaryldy. Bu tapyndy astrobiologiýa ylmy üçin örän wajypdyr. Gün ulgamyndan daşardaky planetalarda ýaşamak üçin bar bolan şertler şu ýerdäki gaz krateriniň şertlerine meňzeşdir.

  • Ýarym asyrdan bäri sönmän ýanyp duran krater dünýä jemgyýetçiliginde-de uly gyzyklanma döretdi. Dünýäniň köp sanly internet neşirlerinde bu barada makalalar çap edildi. Galyberse-de, durmuşda gezip görmegi maslahat berilýän esasy syýahatçylyk merkezleriniň birine öwrüldi.

Related posts

В Аланье в Турции пройдет мировой кубок по пляжному футболу World Winners Cup 2026

Ata Watan Eserleri

Туркменистан торжественно отметил Праздник туркменского алабая

В городе Аркадаг продолжается масштабное озеленение

Президент Туркменистана поздравил Казахстан с Днём Республики

Ашхабад примет форум профсоюзов Центральной Азии и Азербайджана под эгидой МОТ

Туркменский текстиль будет представлен на международной выставке «Fast Textile – 2026» в Польше

В Ашхабаде пройдет международный строительный и энергетический форум

Туркменистан и Таджикистан расширят сотрудничество в сфере образования

Визит делегации Туркменистана в Австрию

Посол Турции в Туркменистане встретился с туркменскими журналистами

Туркменгаз: Туркменистан готова обеспечить газом Транскаспийский газопровод

Meeting of the Foreign Ministers of Georgia and Central Asia

Состоялась встреча министров иностранных дел Грузии и стран Центральной Азии

Азербайджан был представлен на специальном стенде по случаю дня ООН в Aшхабаде

Petronas инвестировала более $12 млрд в энергосектор Туркменистана

Dragon Oil рассчитывает продлить соглашение о разделе продукции в Туркменистане

Продление соглашения до 2035 года — фактор уверенности инвесторов в Туркменистане — Dragon Oil

В Дашогузском велаяте построят завод по производству растительного масла

Рустам Минниханов поблагодарил Героя-Аркадага за поддержку конкурса

Кыргызстан предложил странам ЦА и Монголии развивать сотрудничество в образовании