GENERAL

«Volkswagen» awtoulag satmakda birinji orny eýeledi

Ýakynda dünýäniň iň iri awtoulag öndüriji kompaniýalarynyň geçen ýyl satan ulaglarynyň mukdary anyklanyldy. Maglumatlara görä, 2017-nji ýylda 10,6 million awtoulag satan Renault-Nissan-Mitsubishi birleşmesi geçen ýylyň birinji ýarymynda 5,54 million ulag satyp bildi. «Toyota» bolsa geçen ýyl üçin göz öňünde tutulan 10,55 millionlyk sepgide ýetip bilmedi.

Geçen ýylyň satuw rekordy «Volkswagen»-e degişli boldy. Meşhur nemes kompaniýasy ýylyň dowamynda 10,8 million ulag satdy we dünýä boýunça iň ýokary netijäni gazandy.

Geçen hepdäniň anna güni berlen beýanatda kompaniýanyň söwda boýunça 0.9 göterimlik ösüş gazanandygy, 2018-nji ýylyň jemi boýunça 10,83 million awtoulagy satandygy aýdylýar. Şeýlelikde, «Volkswagen» taryhda ilkinji gezek häzirki wagtda dünýäniň iň uly awtoulag öndürijisi bolan Renault ― Nissan ― Mitsubishi birleşmesinden öňe saýlandy.

Related posts

Talyp wizalarynda täze düzgünleşdirme

vepa

UN General Assembly Adopts Resolution on “World Horse Day”

Kazakistan “Hazar Beşlisi” ülkeleriyle ortak projeler yürütmeyi umuyor

vepa