Üstünligiň özboluşly tarapy

Mähri kiçilikden goşgy, hekaýa ýazmagy halaýardy. Onuñ döredijilige bolan höwesi ýañy 11 ýaşyndaka başlapdy. Ol gaty üýtgeşik gyzdy. Onuň özboluşlyja bir dünýä garaýyşy bardy. Ol boş wagtlary daşarda saýraşyp oturan guşlaryň, şeýle hem owadan bag-bakjaly tebigatymyzyñ görküne göwni açylyp, onuñ goşgy düzmegine sebäp bolýardy. Onuñ kiçilikden beýle özboluşly zehininiň bardygyny diňe ejesi Maýa gelneje bilýärdi.Ol gyzynyň döredijiligine buýsanýardy. Mähri hem her bir düzen goşgujygyny ejesine höwes bilen okap berýärdi. Maýa gelnejäniñ kakasy türkmen dili we edebiýat dersinden mugallymdy. Ol gyzy Mähriniň kakasy Gurtmyrat aga çekip onuñ ýoluny ýöretýändigine çyn ýürekden begenýärdi. Mähri Tejen şäheriniñ 11-nji orta mekdebinde okap bilim alýardy. Onuň okaýan mekdebinde her dersden özboluşly höweslendiriji hepdelikler geçirilýärdi. Onuň okaýan mekdebi gaty şowhunlydy, her baýramçylyklarda ýaryşlar geçirilip, okuwçylaryň zehinini açmak üçin uly işler edilýärdi. Esasy maksat okuwçylaryñ başarnygyny ýüze çykarmakdy. Bir gezek Mähriniň mekdebinde türkmen dili we edebiýat dersinden hepdelik geçirildi. Bu hepdelikde geçirilýän ýaryşlaryň arasynda goşgy düzmek ýaryşy hem goýulupdy. Goşgy düzmek ýaryşynyň bardygyny duýan 11 ýaşlyja Mähri öñden düzüp goýan goşgusynyň iň gowusy bolan “Watan” hakyndaky goşgusyny ýaryşa tabşyrmaly diýen karara geldi. Düzülen goşgulara bal berip, oňa baha goýýan Mähriniň öz klas ýolbaşçysy Altyn mugallymdy.Ýaryşda ýer alanlara hepdäniň soňunda baýraklar gowşurylýardy. Her bir okuwçy bu berilýän sowgatlara eýe bolmak üçin özlerinde bar bolan başarnyklaryny görkezmäne çalyşýardylar. Birisi aýdym aýtýardy, birisi oýun oýnaýardy, ýene birisiniñ owadan haty bardy. Bu geçirilýän ýaryşlar, höweslendirmeler her bir okuwçynyň öz zehinini ýüze çykarmana kömek edýärdi. Şeýlelikde Altyn mugallym düzülen goşgulary gözden geçirip otyrka, onuñ gözi, öz okuwçysy Mähriniñ düzen goşgusyna düşdi. Ol Mähriniň düzen goşgusyny okap haýran galypdy. Mähri goşgusyny şeýle bir gowy düzüpdir welin bu goşgy Altyn mugallymy ank-tank etdi. Ol intäge çenli öz okuwçysy Mähriniñ beýle zehinininiň bardygyny bilmeýärdi.Bu goşgy ýaryşynda Mähri ýaňy 5-nji synp okuwçysy bolsa hem, beýleki uly synplardan tapawutlanyp 1-nji orna eýe bolmagy başarypdy. Şondan soň Mähri Altyn mugallymyň gözine has hem yssy görünüp ugrady. Altyn mugallym Mähriniñ döredijiligine göwni ýetip,ony öz okatýan dersinden olimpiýada gatnaşdyrsaň netije çykjakdygyna gözi ýetýärdi. Şeýlelikde bu geçirilen höweslendiriji goşgy ýaryşynyň üsti bilen ol hem 1-nji ýer aldy, hem-de türkmen dili we edebiýat dersinden olimpiýada gatnaşmaga hukuk gazandy. Sähelçe zat adamyň zehinininiň öz-özünden ýüze çykmagyna şeýle hem has belent derejelere ýetmegine sebäp bolýan eken. Egerde şolar ýaly ýaryşlar geçirmedik bolsady, Mähriniň gizlenip ýatan zehinini ýüze çykmazdy. Onuñ has belent derejelere ýetmegine şeýle hem türkmen dili we edebiýat dersinden olimpiýada gatnaşmagyna döwlet derejesindäki hormat hatlara eýe bolmagyna sebäp bolmazdy. Şeýlelikde Mähri geçirilýän olimpiýadalardan hem ýer alyp, döredijiligini hem has güýçlendirip belent sepgitlere ýetmegi başardy. Her bir adamda Hudaý tarapyn berilen bir zehin bolýar emma hemme adam öz başarnygyny ýüze çykaryp bilmeýär. Hatda käbir adamlar özlerinde şeýle uly zehinleriniñ bardygyndan habary hem ýok. Bu zehiniñ açylmagyna şol işe bolan höwes,bilesigelijilik, çyn ýürekden edilýän yhlas şeýle hem baýrakly ýaryşlar sebäp bolup bilýär. Geliň biz özümizde bar bolan zehinimizi açmana,ony durmuşda ulanyp bilmäne çalyşalyň. Özümizdäki aýratynlygy duýup onuň üstünde yhlas bilen işläliň. Eger biz muny başarsak has uly derejelere ýetip tanymal adamlaryň biri bolup bileris. Öz durmuşumyzy özgerdeliň. Durmuşymyzy gowulaşdyryp, üýtgeşmeler girizmek bu biziň  öz elimizde. Biziň gizlenip ýatan zehinimizi ýüze çykaryp bilmegimiziň özi hem bir başarnykdyr.

Jemal ÇARYÝEWA, Taras Şewçenko adyndaky Kiýewiň milli uniwersitetiniň talyby.

Related posts

Saudi Delegation, World Bank and Major Corporations: TIF 2026 Sets an Ambitious International Agenda

CAREC project office in Turkmenistan and the Embassy of the Republic of Azerbaijan discussed prospects for expanding environmental and climate cooperation

TOSFED İstanbul Park will host the FORMULA 1 TURKISH GRAND PRIX from 1-3 October 2027.

B5+ITALY Business Platform Launched in Astana

TIF 2026: How Turkmen Businesses Can Schedule Meetings with Mitsubishi, John Deere or Samsung — and Why Now Is the Right Time

Turkmenistan Outlines Strategic Initiatives at Inaugural Central Asia–Republic of Korea Summit

Turkmenistan Teams Off to Strong Start at 46th Chess Olympiad in Samarkand

Daewoo E&C to Modernize Karakum Canal in Turkmenistan

Ata Watan Eserleri

Korea and Central Asian Countries Sign 19 MoUs at First Business Summit

Oxford Business Group Joins Turkmenistan Investment Forum 2026

Korea, Turkmenistan Sign 13 Deals to Expand Energy and Infrastructure Ties

Madrasa and new social facilities: Gurbanguly Berdimuhamedov reviews construction progress in second phase of Arkadag City

Results of the ranking of higher education institutions of Turkmenistan in various categories announced

The Mufti of Turkmenistan took part in a meeting of religious leaders from Turkic states in Baku

Turkmenistan and Kazakhstan Trade Unions Expand Bilateral Ties with Landmark MoU

South Korea and Central Asian States Vow to Strengthen Supply Chain Cooperation

Seoul to hold 1st Central Asia summit

President of Turkmenistan Meets with Japan’s Minister of Economy, Trade and Industry

Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan met with State Minister of Japan

Delegation of Turkmenistan takes part in AIM Congress 2026