GENERAL

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Halkara suw maslahaty geçirildi

2019-njy ýylyň 13-14-nji maýynda PariŽde ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Halkara suw maslahaty geçirildi, oňa türkmen tarapyndan Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Ýazmyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.  

Suw serişdeleriniň dolandyrylyşynyň pudagara çemeleşmeleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy, daşky gurşawa zyýan ýetirmezden suw serişdelerini öndürmek ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak, suw serişdeleriniň aýawly ulanylmagy, şeýle hem suw boýunça dürli halkara maksatnamalarynda göz öňünde tutulan maksatlara ýetmekde ýurtlara maslahat bermek bu maslahatyň maksady bolup durýandyr.

Maslahata 50 golaý ýurtlardan wekiller, abraýly halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, alymlar we bilermenler, suw ulgamynda işleýän iri kompaniýalaryň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

Maslahatyň ministrler böleginde Türkmenistanyň wekiliýetiniň başlygy çykyş etdi, ol gatnaşyjylary biziň ýurdumyzyň suw diplomatiýasy, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurdaky halkara başlangyçlary bilen tanyşdyrdy. Mundan başga-da çärä gatnaşyjylara Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyk ediji ýurt hökmünde durmuşa geçirýän işleri we takyk hereketleri barada jikme-jik maglumatlar berildi.

Garagum sährasynda özboluşly emeli “Altyn asyr” kölüniň döredilmegi we golaýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan gurluşygyna badalga berilen onuň golaýyndaky durmuş infrastrukturasy hakyndaky maglumatlar aýratyn gyzyklanma bilen kabul edildi. 

Ýene-de okaň

2026 in Türkiye: A Year of Culture, Sports and Iconic Events

Akhal-Teke: The Golden Horse That Determines the Heritage of Turkmenistan

Ata Watan Eserleri

Chinese President Xi Jinping was presented with a magnificent Akhal-Teke horse named Gadyrly

Xi calls for strengthening cooperation with Turkmenistan in natural gas, trade, non-resource fields

Ambassador of Turkmenistan welcomes influencer Yuji Beleza at the Embassy

Global Athletes Take on Türkiye’s Stunning Landscapes at Alanya Ultra Trail

Ata Watan Eserleri