GENERAL

ÝUNESKO-nyň halkara maslahaty Aşgabat şäherinde

Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýakynda ýene bir möhüm halkara çäre geçiriler. 6 – 7-nji dekabrda paýtagtymyzda Birleşen Milletler Guramasy we onuň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) “Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi” atly ministrler derejesinde halkara maslahaty geçiriler. Ony guramaçylykly geçirmek maksady bilen türkmen tarapy ÝUNESKO-nyň wekilleri bilelikde taýýarlyk işlerini görýärler. Maslahatyň işi umumy we bölümler boýunça mejlisler görnüşinde amala aşyrylar. Onuň gün tertibi Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek bilen bagly meseleleri öz içine alýar. Forumyň öň ýanynda, ýagny 3 — 7-nji dekabry aralygynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynyň “Ýüpek ýoly” atly ugur boýunça Utgaşdyryjy komitetiniň bäşinji mejlisi geçiriler.     

 

Related posts

Conference : Day of the Constitution and State Flag Day of Turkmenistan

Ata Watan Eserleri

Türkmen metbugatynda – 23.02.2019

vepa

A Meetıng with the Mınıster of Economıc Affaırs of Malaysia

vepa