WORLD

Ukrainanyň wekiliýeti bilen duşuşyk

2018-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen Ukrainanyň Daşary işler ministriniň geňeşçisi Wiktor Anatolýewiç Maýkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Ukrain wekiliýetiniň ýolbaşçysy türkmen tarapyny Halkara Bitaraplyk gününi bellemegi bilen gyzgyn gutlady. Türkmen tarapy öz gezeginde hormatly geňeşçä baýramçylygy bellemek bilen bagly geçirilýän çärelere gatnaşýanlygy üçin minnetdarlygyny bildirdi.

Soňra taraplar Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, we medeni-ynsanperwer ugurlarda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşygyny giňeltmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda wekiller, iki ýurduň arasyndaky ýola goýlan ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň netijelerini belläp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmagyň zerurdygyny beýan etdiler.

Related posts

The opportunities of creating a Business Council of Central Asia – South Asia

Establishment of the Business Ombudsman

The Minister of Foreign Affairs met with the Ambassador Extraordinary and Plenipotentiary of the Islamic Republic of Iran to Turkmenistan