WORLD

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň arasynda telefon söhbetdeşligi boldy.

Ministrler iki ýurduň arasyndaky häzirki gün tertibinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen baglanyşykly esasy meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Ministrler iki halkyň arasynda gadymdan gelýän dost-doganlyk gatnaşyklarynyň Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasynda mundan beýläk-de ösjekdigine ynam bildirdiler.

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da ösdürilmeginde  döwlet Baştutanlary derejesinde syýasy dialoglaryň, özara saparlaryň, şeýle hem Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň ähmiýeti bellenildi.

Ministrler sebit howpsuzlygy, halkara guramalarynyň çäginde hyzmatdaşlyk, şeýle hem Hazar deňzi meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda, özära gyzyklanma bildirilýän beýleki ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn meseleler barada pikir alyşyldy.

Related posts

Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginde täze ýagdaýlar

vepa

USAID PROMOTES DIGITAL INNOVATION WITHIN TURKMENISTAN’S CIVIL SECTOR

Russian universities will take part in International Olympiad in Informatics in Ashgabat